
Köpugurly iri holding Awtoyoly Group üpjün edijiler bilen iş alyp barmak we satuw boýunça menejer wezipesine hünärmen kabul edýändigini yglan etdi.
Awtoyoly Group 18-den gowrak kompaniýany we takmynan 7 000 işgäri birleşdirýär. Holding öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, göni we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döredýär, amaly çözgütlere we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükýär.
Boş iş orny barada
Kompaniýa üpjün edijiler bilen aragatnaşyk saklamaga, ýerinde barlag geçirmäge, önümleri bahalandyrmaga we göni gepleşikler alyp barmaga taýýar bolan, iş saparlaryna ugurly hünärmeni gözleýär.
Esasy borçlar
• täze üpjün edijileri we öndürijileri gözlemek hem-de çekmek;
• ylalaşylan şertlerde harytlary satyn almak;
• üpjün edijileriň ýanynda önümleriň hilini bahalandyrmak;
• gepleşikleri geçirmek we täjirçilik şertlerini ylalaşmak;
• satyn alyş saparlaryny meýilleşdirmek we utgaşdyrmak;
• ylalaşyklaryň möhletlerine we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
• kompaniýanyň içerki bölümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek;
• satyn alyş we satuw döwründe ýüze çykýan meseleleri operatiw çözmek.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar
• türkmen we rus dillerini erkin bilmek;
• satyn alyş, logistika, oba hojalyk pudagy ýa-da ýanaşyk ugurlarda iş tejribesi artykmaçlyk bolar;
• gepleşik geçirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak başarnyklary;
• harydy ýerinde bahalandyrmak we çalt karar kabul etmek ukyby;
• işiň iş saparly görnüşine taýýar bolmak;
• jogapkärçilik, tertiplilik we özbaşdaklyk;
• sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy we ynamly sürüjilik tejribesi
Iş şertleri
• uly we durnukly kompaniýalar toparynda işlemek;
• özbaşdaklyk derejesi ýokary bolan işjeň wezipe;
• saparly iş formaty we bazar bilen hemişelik aragatnaşyk;
• döwrebap korporatiw gurşawy;
• iş tertibi we formaty aýratynlykda ylalaşylýar;
• aýlyk zähmet haky söhbetdeşligiň netijelerine görä kesgitlenýär.
Nädip ýüz tutmaly
Saýlama gatnaşmak üçin aşakdaky salgydaky anketany doldurmaly https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSedBu7XyCfV6y6rhidNtHZQW4YfnoCRBgNo4UIiSCa6MvODEQ/viewform?usp=header.