
2026-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Doha Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (UDST) wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Rektor Salem Nasser Al Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky Katar Döwletiniň wekilleriniň sapary iki ýurduň ylym-bilim hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açýar.
Gepleşikleriň esasy temasy halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak boldy. Katar wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Taraplar häzirki zaman ylmyň iň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berdiler: emeli aň we kiberhowpsuzlyk; robototehnika we mikroelektronika; bilimde innowasion usullar.
Duşuşygyň iň möhüm netijesi hökmünde Türkmenistanyň we Kataryň uniwersitetleriniň arasynda iki sany esasy resminama gol çekilmegi boldy:
• Ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
• Talyp alyş-çalyş baradaky ylalaşygy — bu ylalaşyk ýaş zehinlere Kataryň öňdebaryjy tehnologik uniwersitetinde okamak we tejribe geçmek mümkinçiligini döreder.
Kataryň öňdebaryjy uniwersiteti bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy TürkmenistanyňOguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň halkara bilimiň öňdebaryjy merkezleriniň biri hökmündäki ornuny tassyklaýar. Ýurdumyzda ylmyň ösüşi üçin döredilen şertleriň netijesinde türkmen talyplary dünýä tejribesine elýeterlilik gazanýar, bu bolsa milli tehnologiýalaryň ählumumy sanly giňişlige goşulyşmagyna ýardam berýär.
ORIENT