
Ýanwar aýy dünýä modasynyň paýtagtynda döredijilikli integrasiýanyň nyşany astynda geçdi. Türkmenistanly zenan telekeçileri dünýäniň iň iri sergileri bolan Maison & Objet hem-de Who’s Next Paris sergilerine gatnaşyp, häzirki zaman dizaýnynyň estetikasy we Ýewropa bazarynyň islegleri bilen tanyşdylar.
«Binaym», «Shekil Studio/Ensi», «AYM» brendleriniň esaslandyryjylaryndan hem-de ussat Mukaddes Ibragimowadan ybarat türkmen wekiliýeti Parižde örän baý mazmunly hepdäni geçirdi. Halkara Söwda Merkezi (HSM) tarapyndan, Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen guralan bu sapar Gündogaryň özboluşly däplerini Günbataryň berk bölek satuw talaplary bilen baglanyşdyrýan köpri boldy.
Gatnaşyjylarymyz üçin bu diňe bir sapar bolman, eýsem işewürlik proseslerine çuňňur aralaşmak boldy. Stendi alyjynyň (baýeriň) ünsüni çekjek derejede nähili bezemeli? ÝB-de ekologik gaplama we sertifikasiýa babatda nähili talaplar bar? Paris Nord Villepinte we Porte de Versailles meýdançalarynda türkmen dizaýnerleri bu soraglara jogap gözläp, mümkin bolan müşderiler we bilermenler bilen duşuşyklary geçirdiler.
«Şeýle sergilere gatnaşmak — dünýä işewürliginiň iç ýüzüni görmek we haýsy çemeleşmeleri öz tejribämizde ulanyp boljakdygyna düşünmek üçin uly mümkinçilikdir», — diýip, AYM brendiniň wekili Nurjahan Täçmyradowa belledi.

«Biz Parižde geçirilen sergilere öwrenmek we hünär gatnaşyklarymyzyň çägini giňeltmek maksady bilen bardyk. Şeýle sergiler halkara bazarlarynyň talaplaryna has gowy düşünmäge hem-de geljekde hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri tapmaga kömek edýär», — diýip, Unique Camel Wool brendiniň esaslandyryjysy Şasenem Garlyýewa nygtady.
Bu sapar türkmen dokma we bezeg önümleriniň (düýe ýüňünden başlap, ýokary moda çenli) Ýewropada uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi. Ýola goýlan aragatnaşyklar we logistika baradaky bilimler «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasynyň çäginde täze eksport şertnamalarynyň binýadyna öwrüler.
Taslama barada: Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasy işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe we mynasyp zähmeti üpjün etmäge gönükdirilendir. Taslama Türkmenistanyň sebit we global söwda gatnaşyklaryna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna gatnaşmagyny goldar.