Aşgabat, 21-nji ýanwar | ORIENT. Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zaly uly geosyýasatyň we işjeň ykdysadyýetiň merkezine öwrüldi. Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady. «Durnukly ösüşiň bähbidine sebitara özara baglanyşyk» diýen tema ylmy we resmi eşidilse-de, onuň aňyrsynda milliardlarça maýa goýumlary hem-de Hytaýdan Ýewropa çenli uzalyp gidýän ulag ýollarynyň geljegi ýatyr.
Ynanyşmak arhitekturasy: Ýokary derejeli segment
Forumy açyp, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow ähli çekişmeleriň ugruny kesgitledi: parahatçylyk we ynanyşmak — bular abstrakt düşünjeler däl-de, eýsem işewürlik üçin binýatlyk maýadyr.

Halkara diplomatiýasynyň “agramly” wekilleriniň gatnaşmagy pursatyň özboluşlylygyny nygtady. Ara alyp maslahatlaşmalara BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ýolbaşçylary, SPECA-nyň “ýediligi” bolan ýurtlaryň (Azerbaýjandan Özbegistana çenli) ministrleri, şeýle hem ÝB-niň, Bütindünýä bankynyň we “Hytaý – Merkezi Aziýa” formatynyň ýörite wekilleri göni we wirtual görnüşde goşuldylar.
Analitiki syn: Gatnaşyjylaryň beýle köpdürlüligi – Aşgabadyň SPECA-ny ýerli maksatnamadan kuwwatly sebitara meýdançasyna öwrülmegi üstünlikli amala aşyrandygyny tassyklaýar. Gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň öňe süren pikirleri çekdi. Onuň çekişmelere gatnaşmagy Brýusseliň Hazarüsti ugruny ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar. Bilermenleriň pikiriçe, ÝB-niň başlangyçlary (“Global Gateway” ýaly) we SPECA-nyň hukuk guralarynyň arasyndaky sazlaşyk, Ýewropanyň portlaryny sebitimiziň senagat merkezleri bilen baglanyşdyrjak logistikany döretmäge ukyplydyr.

Hazaryň energiýasy: serişdeleriň binýadyndan ulgamlaýyn hyzmatdaşlyga
Forumyň birinji plenar mejlisi energetika özara baglanyşygyna bagyşlandy — bu ýerde Türkmenistanyň ykrar edilen ählumumy başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar. Sessiyanyň esasy habary: sebit çetleşdirilen ulgamlardan «neksus» modeline — suwuň, energiýanyň we ekologiýanyň aýrylmaz baglanyşygyna geçmelidir.
Modelirleme – 2026: BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Merkezi Aziýanyň elektrik ulgamlarynyň çuňňur integrasiýasynyň serişdelerden peýdalanmagy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi baradaky barlaglaryň netijelerini beýan etdi. Bu diňe bir tygşytlylyk meselesi bolman, eýsem, howanyň üýtgeýän şertlerinde ýaşaýşy dowam etmekgiň strategiýasydyr.
Durnuklylyk we dekarbonizasiýa: SPECA ýurtlary çig mal serişdelerine üns bermegiň ýerine, pes uglerodly energiýa infrastrukturasyny ösdürmäge üns berýärler. Gatnaşyjylar birleşdirilen ulgamyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatyny deňagramlaşdyrmaga nähili kömek etjekdigini, munuň bolsa energiýa üpjünçiligini ygtybarly we elýeterli etjekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitlaýyn meýilleşdirme: Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Nurmämmet Nurmämmedowyň belleýşi ýaly, energetika ulgamyndaky utgaşdyrma düzümleýin çykdajylary azaldýar we sebitiň ekoulgamlarynyň, aýratyn-da Hazar basseýniniň «saglygyna» gönüden-göni täsir edýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden özüniň üç sany Kararnamasyna esaslanyp, SPECA-daky goňşularyna «energetika galkanyny» hödürleýär. Bu çemeleşmäniň esasy manysy, torlaryň we gaz daşalýan ýollarynyň birleşmegi serişde ýetmezçiliginden ätiýaçlandyrma döredýär hem-de sebiti iri halkara maýa goýumlary üçin özüne çekiji edýär.
«Gury ýer anklawlaryndan» ählumumy köprülere
Ulag ulgamy has köp ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy, sebäbi edil şu ýerde sebit ykdysadyýetleriniň ählumumy söwdadaky ýagdaýy bilen bagly mesele çözülýär. SPECA döwletleri üçin esasy wezipeleriň biri — dünýä ummanyna göni çykalganyň bolmazlygydyr. Forumda getirilen maglumatlara görä, deňze çykyşy bolmadyk ýurtlaryň işewürler jemgyýeti harytlary eksport etmek üçin kenarýaka ýurtlaryndan iki esse köp töleg töleýärler.
Päsgelçilikleri ýenip geçmegiň strategiýasy
Logistikanyň sanly özgerişi: Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Sylapberdi Nurberdiýew we halkara bilermenler e-TIR hem-de e-CMR ulgamlaryny ornaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar. Bu diňe bir kagyzdan ýüz öwürmek däl-de, eýsem maglumatlaryň sinhronlaşdyrylmagydyr. Bu bolsa ýükleriň serhetlerden birnäçe sagatlap eglenmän geçmegine mümkinçilik berýär.
Demirýol ulgamynda öňegidişlik (SPECA–ASEAN): Merkezi Aziýany Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) bilen birleşdirýän ugurlary ulanmaga bermek meselesi sessiýanyň uly maksatly wezipeleriniň biri boldy. Bu bolsa Ýuwaş ummanynyň portlaryna göni ýol açýar.
«Gury portlaryň» integrasiýasy: Gatnaşyjylar multimodal logistika merkezleriniň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle «gury portlaryň» ýeke-täk ulag zynjyryna integrasiýasy sebiti üstaşyr geçelgesinden Ýewraziýa üçin doly derejeli paýlaýyş merkezine öwürýär.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany kararnamasyna daýanylmagy, Aşgabada olary durmuşa geçirmek üçin formatlary we gurallary döretmäge hukuk berýär. Sessiýanyň esasy temasy: ulag baglanyşygy — bu diňe bir relsler we ýollar däl-de, eýsem, ilkinji nobatda, serhetleri resmi ýagdaýda söwda üçin aýdyň edýän umumy hukuk gurallary we BMG-niň standartlarydyr (UN CEFACT).
«Biz geografiki çagyryşlary üstaşyr artykmaçlygyna öwürýäris» — sessiýanyň esasy pikiri şeýle boldy.
Strategiki yzygiderlilik we durnukly söwda
Birinji günüň jemleýji çekişmesi birgezeklik logistik üstünlikleri ulgamlaýyn ykdysady modele nähili öwürmelidigi baradaky meselelere bagyşlandy. Bu ýerde gürrüň uzak geljek barada däl-de, eýsem eýýäm kabul edilen we sebitiň häzirki keşbini kesgitleýän resminamalaryň durmuşa geçirilmegi barada boldy.

Aşgabat başlangyjynyň binýadynda: Sessiýanyň moderatory Şombi Şarp (ESCAP) we çykyş edenler 2019-njy ýylda Aşgabatda kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini ýatlatdylar. Edil şol wagt BMG-niň standartlary arkaly söwda päsgelçiliklerini azaltmaga gönükdirilen ugur alnypdy. Häzirki wezipe bolsa — bu ylalaşyklary anyk synag taslamalary bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Ýapyk aýlawly ykdysadyýet we innowasiýalar: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew durnukly söwda ýörelgelerini durmuşa geçirmekde gazanylan öňegidişlikler barada çykyş etdi. Bu, adaty alyş-çalyşdan innowasiýalaryň ekologiýa düşýän agramy azaltmaga kömek edýän ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmekdäki möhüm ädimdir. Bu ýagdaý, ykdysady ösüşiň tebigy serişdeleri, şol sanda Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak bilen utgaşykly alnyp barylmagy zerur bolan sebit üçin örän möhümdir.
Ählumumy kadalara integrasiýa: Sessiyanyň esasy maksady SPECA ýurtlarynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) kadalaryna we BMG-niň standartlaryna esaslanýan halkara söwda ulgamynyň çäklerinde işleşmäge taýýardygyny tassyklamak boldy.

Forumyň birinji güni tehnologik tapgyra taýýarlyk görmegiň ýokary depgininde tamamlandy. Ertir, 22-nji ýanwarda wekiliýetler Hazarüsti geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmaga geçerler. Bu ädim Gündogar bilen Günbataryň arasynda bökdençsiz sanly köprini döretmäge mümkinçilik berýän UN CEFACT standartlaryny ornaşdyrmak boýunça amaly tapgyr bolar.
Özüniň 25 ýylynyň dowamynda SPECA maksatnamasy maslahat beriş meýdançasyndan sebitleýyn integrasiýanyň netijeli guralyna öwrüldi. Aşgabat forumy: sebitiň ýurtlary mundan beýläk «geografiýanyň zamuny» bolmak islemeýärler, olar täze ýewraziýa ykdysadyýetiniň arhitektory bolmaga hem-de söwda çykdajylaryny azaltmak we ählumumy özgerişler şertlerinde sebitiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin BMG-niň gurallaryny işjeň ulanmagy mkasat edinýändiklerini tassyklady.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda SPECA hepdeliginiň geçirilmegi — bu ýurduň sebitiň integrasiýa merkezi hökmündäki ornunyň ykrar edilmesidir. Dünýä ykdysadyýetiniň çaklap bolmaýan durnuksyzlykdan we adaty üpjünçilik zynjyrlarynyň üzülýän şertlerinde, Aşgabat durnuklylygyň ýeke-täk ygtybarly kepili hökmünde sebit diwersifikasiýasyny hödürleýär. Bu ýerde gürrüň diňe bir täze bazarlary gözlemek barada däl-de, eýsem SPECA-nyň çäklerinde öz-özüni üpjün edýän ykdysady giňişligi döretmek barada barýar.

Ulag ulgamlarynyň integrasiýasy, energetika kuwwatlyklarynyň birleşdirilmegi we BMG-niň ýeke-täk sanly standartlaryna geçilmegi — bular Merkezi Aziýa daşarky täsirleri azaltmaga kömek etjek şol «gorag süzgüçleridir». Türkmenistanyň Maksatnamadaky başlyklygy: biziň sebitimiz ählumumy amallaryň obýekti bolmakdan saklanyp, dünýä durnuklylygyň öz modelini — dialog, ynanyşmak we çuňňur infrastruktura özara arabaglanyşygy arkaly hödürläp bilýän işjeň oýunçy öwrülýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň paýtagtyndaky SPECA -2026 — bu sebitiň ählumumy derjede bäsdeşlige taýýarlygynyň gözden geçirilişidir. Birinji günüň netijelerine görä, Merkezi Aziýa uly göwrümli işlere taýýardyr.
