Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistan SPECA-nyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrülmegine ýardam berýär

20.01.2026|23:43|
665
turkmenistan-speca-nyn-parahatcylyk-ynanysmak-we-hyzmatdaslyk-meydancasyna-owrulmegine-yardam-beryar
Surat çeşmesi: orient.tm

Aşgabat, 20-nji ýanwar | ORIENT. Türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow SPECA-nyň Ykdysady forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Maksatnama başlyklyk ediji hökmünde bu sebiti diňe bir geografik zolak däl-de, eýsem bitewi, innowasion we ýokary tehnologiýaly bazar hökmünde görýändigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagyny seljerip, paýtagtydaky çekişmeleriň esasy temalaryna öwrüljek aşakdaky ileri tutulýan ugurlary tapawutlandyrmak bolar:

Hazar özara baglanyşygy: Türkmenistan «daşarky energetika özara baglanyşygyny » ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarýar. Bu bolsa Hazar deňzi sebitiniň Ýewraziýanyň bazarlaryny üpjün edýän iň iri energetika merkezine öwrülýändigini aňladýar.

Sanly we «ýaşyl» ösüş: SPECA-nyň gün tertibine elektron söwda we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar boýunça taslamalaryň girizilmegi. Aşgabat agza döwletlere umumy innowasiýalar we maýa goýumlar bazaryny döretmegi teklip edýär.

Ulag diplomatiýasy: Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň alty sany kararnamasyna esaslanyp, ýurt dünýä ykdysadyýetiniň üýtgeýän şertlerinde ygtybarly düzümi döretmek boýunça «anyk bilelikdäki ädimlere» geçmegi teklip edýär.

Suw-energetika deňagramlylygy: SPECA-nyň suw we daşky gurşaw boýunça ýöriteleşdirilen toparynyň işine aýratyn üns berler — bu tutuş Merkezi Aziýa üçin örän möhüm meseledir.

Konsepsiýa-2030: Forum geljek onýyllyk üçin Maksatnamany ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasyna badalga berilýän meýdança öwrülmelidir.

«Ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA-nyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň giň meýdançasyna öwrülmegine işjeň ýardam edýändiginiň tassyklanmasy bolar» — diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.


SPECA-nyň hepdeliginiň çäreleri

Sebit üçin ýylyň esasy wakasy 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň täze binýadyny kemala getirmek maksady bilen diplomatlary, ykdysatçylary we dünýä derejesindäki bilermenleri birleşdirýär. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän çäreleriň maksatnamasy sebitiň ykdysadyýetiniň ähli möhüm ugurlaryny öz içine alýar:

20-nji ýanwar, sişenbe güni— bilermenler güni

— Iki sany esasy ugur boýunça işçi toparlarynyň mejlisleri:

Suw we energetika serişdeleri, ekologiýa;

Durnukly ulag, üstaşyr geçelgeler we baglanyşyk.

21-nji ýanwar, çarşenbe güni — Ykdysady forumyň başlanmagy

— SPECA-nyň Ykdysady forumynyň açylyşy we mejlisi. Ýylyň esasy çekişme meýdançasy.

22-nji ýanwar, penşenbe güni — Strategiýa güni

— Forumyň dowamy: 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy.

— Ykdysatçylaryň duşuşygy: BMG-niň we SPECA agza döwletleriň hemişelik utgaşdyryjy wekilhanalarynyň arasyndaky dialog.

23-nji ýanwar, anna — Maýa goýumlar we liderlik

— Liderlik ukyplaryny ösdürmek boýunça 20-nji sessiýa.

— SPECA-nyň Köptaraplaýyn maksatly fondunyň Dolandyryjy komitetiniň 3-nji mejlisi. Bu ýerde geljekki taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri çözülýär.