||
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş Sekretary Bader Al Darwiş bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylandygyny bellemek bilen, ýylyň dowamynda bu pudak bilen bagly halkara maslahatlaryň we çäreleriň geçiriljekdigi barada aýratyn belledi.

Mundan başgada, gelejekde Türkmenistanyň Aba Anaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň we tejribe alyşmagyň ýollary barada maslahatlaşdylar.

ORIENT
