2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlaryny ulanmak arkaly geçirilen nagt däl görnüşindäki tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi diýip, Bank habarlary elektron žurnaly habar berýär.
Şol tölegleriň 16 milliard 839 million manady terminallar arkaly, «Elektron söwda» ulgamy arkaly bolsa 2 milliard 634 million manatdan gowragy geçirildi. «Mobil bank» ulgamy arkaly edilen tölegleriň möçberi 42 million 102 müň manatdan geçdi.
Bankomatlar arkaly geçirilen tölegler 498 million 684 müň manatdan gowrak boldy, «Internet bank» ulgamy arkaly bolsa 6 million 843 müň manatdan gowrak töleg amala aşyryldy. Mundan başga-da, Halkbank terminallary arkaly 221 million 407 müň manatdan gowrak möçberde nagt däl amallar geçirildi.
Bu maglumatlar ýurtda sanly tölegleriň işjeň ulanylýandygyny we ähli ugurlar boýunça nagt däl dolanyşygyň ösýändigini görkezýär.
ORIENT
