Ylym | ORIENT. Aý hemişe jansyz we üzňelikdäki hemra hasaplanyp gelindi, emma soňky barlaglar alymlary bu garaýşy täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär. Ýer bilen Aýyň arasyndaky baglanyşyk garaşylyşyndan has-da ýakyn ekeni: biziň planetamyz milliardlarça ýyllap öz atmosferasynyň bölejikleri bilen Aýy göni manyda «iýmitlendirýär».
Rochester uniwersitetiniň "Nature Communications Earth and Environment" žurnalynda çap edilen täze barlagy Ýeriň magnit meýdanynyň atmosfera bölejiklerini saklamagyň deregine, Gün şemaly tarapyndan göterilýän bu bölejikleri kosmosa ugrukdyrmaga kömek edip bilýändigini görkezýär. Ýeriň magnit meýdany milliardlarça ýyllap bar bolandygy sebäpli, bu proses örän uzak wagtlap Ýerden Aýa bölejikleriň yzygiderli geçirilmegine getirip bilýärdi.
Bu nähili bolup geçýär? Ýeriň güýçli magnit meýdanynyň täsiri bilen atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky kislorod we azot ýaly örän ownuk bölejikler kosmosa çekilýär we görünmeýän şleýfi emele getirýär. Aý Ýeriň bu «magnit guýrugynyň» içinden geçende, ol bölejikleri özüne siňdirýär.
Barlaglaryň netijeleri Aýyň topragynyň diňe bir Ýeriň atmosferasy barada uzak möhletli maglumatlary saklap bilmän, eýsem Aýda işleýän we ýaşaýan geljekki kosmos öwrenijiler üçin öň alymlaryň çaklaýşyndan has-da gymmatly bolup biljekdigini görkezýär. Suw we azot ýaly elementler Aýda durnukly adam barlygyny üpjün edip bilip, Ýerden ýük daşamagyň zerurlygyny ep-esli azaldar.
Bu ylym üçin näme aňladýar?
Aý — arhiw hökmünde: Bu Aýyň regoliti (topragy) içinde 2–3 milliard ýyl ozalky, Ýerdäki ýaşaýşyň kemala gelen döwründäki gadymy atmosferanyň nusgalarynyň saklanyp galan bolmagynyň mümkinçiligini aňladýar. Aýy öwrenmek arkaly, Ýeriň klimatynyň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgändigini öwrenip bileris.
Kosmos «göbek bagy»: Bu açyş goňşy planetalaryň biri-biri bilen maddalaryň alyş-çalyşyny edip bilýändigini subut edýär. Bu bolsa Ýupiteriň we Saturnyň hemralarynda ýaşaýyş gözleýän alymlar üçin umyt döredýär — mümkin, olar hem öz ägirt planetalaryndan şeýle «goldaw» alýandyrlar.
Ýer bilen Aýyň arasyndaky bu görünmeýän, emma üznüksiz ýaşaýyş akymy bize kosmosda doly üzňeligiň ýokdugyny ýatladýar — ählisi görünmeýän grawitasiýa güýji we magnit meýdanynyň sapaklary bilen baglanyşyklydyr.
