Kompozitor Baýram Hudaýnazarowyň hatyrasyna: Dörediji ýanyp durmaly!

2026-njy ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor, alym, mugallym, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa we saz gurallary kafedrasynyň dosenti Baýram Hudaýnazarow dünýäden ötdi. Ol ýokary medeniýetli, aýratyn edepli we päk ahlakly, hakyky türkmen intelligensiýasynyň wekili bolan adamdy. Hemişe sada we sabyr-takatly, ünsli we tertipli, öz işine aşyk, sungata çäksiz derejede wepalydy. Uly harp bilen ýazylmaga mynasyp Ussat.
Baýram Hudaýnazarow geçen asyryň 60–70-nji ýyllarynda türkmen saz sungatyna okdurylyp giren, hakykatdan-da özboluşly zehinli kompozitorlaryň meşhur “altylygynyň” wekilleriniň biri bolupdy. Bu toparyň düzümine, hiç şübhesiz, Türkmenistanyň döredijilik medeniýetiniň görnükli wekilleri, türkmen halkynyň milli baýlygy hasaplanýan Nury Halmämedow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Rejep Allaýarow, Rejep Rejepow girýär.
…Biz oňa öz işine wepalylygy, milli mirasa jogapkärli we duýgur garaýşy üçin aýratyn hormat goýýardyk. Onuň döredijiliginde halkynyň däp-dessurlary we ýaşaýyş esaslary bilen sazlaşykly baglanyşyk, Gündogaryň sungatyna, taryhyna, filosofiýasyna we dinine çuňňur düşünmekligi, şol bir wagtda bolsa Ýewropa kompozitor mekdebini alan ussadyň tehnologiýa taýdan ýokary hünär başarnygy aýdyň ýüze çykýar. Gündogar we Günbatar siwilizasiýalarynyň medeni sintezi – bu ХХ we ХХI asyrlarda türkmeniň iň gowy sungat işgärlerini we alymlaryny tapawutlandyran, olary uly döredijilik we ylmy-barlag üstünliklerine alyp baran aýratynlykdyr.
Baýram Hudaýnazarow ömrüniň bütin dowamynda türkmen medeniýetiniň ösmegine hyzmat etdi. Döwlet edaralarynda dürli wezipelerde işlän döwründe ol ýaş milli awtorlary – kompozitorlary, dramaturglary, aktýorlary, režissýorlary goldamaga çalyşdy. Ylmy-barlag işleriniň çylşyrymlylygyny gowy bilip, ol ýaş we eýýäm tanalýan sazşynaslara we sungaty öwrenijilere hemişe ýardam berdi. Onuň türkmen halk sazlary baradaky gürrüňleri, döredijilik ýoldaşlary we milli sungatyň ussatlary hakdaky ýatlamalary taryhy takyklygy we döredijilik şahsyýetlerine bolan çuňňur hormaty bilen tapawutlanýardy. Baýram Hudaýnazarowa “sahna arkasy oýunlar” mahsus däldi. Islendik waka ýa-da hadysa onuň öz durmuş we döredijilik tejribesiniň nukdaýnazaryndan seljerilýärdi.
Kompozitoryň eserleri ýazylan žanryna, niýetlenen diňleýji toparyna garamazdan, ylhamlylyk, duýgularyň päkligi we asyllylygy, pikirleriň jemlenişi, owaz we sazlaşyklaryň beýan edip bolmajak gözelligi, formalaryň nusgawy kämilligi bilen doludyr.
Baýram Hudaýnazarowyň ylmy gözlegleri-de uly hormata mynasypdyr. Ol köp ýyllaryny gadymy türkmen sazynyň gurallarynyň, žanrlarynyň we formalarynyň genezisini we taryhyny öwrenmäge bagyşlady. Bu barlaglaryň netijesinde ylmy makalalar ýygyndylarynda we metbugatda çap edilen işler, şeýle-de 2018-nji ýylda özboluşly “Saz gurallary öwreniş” atly kitap neşir edildi. Žanry boýunça okuw gollanmasy bolmak bilen, onda simfoniki orkestriň, türkmen halk saz gurallary orkestriniň, şeýle hem estrada-jaz orkestriniň esasyny düzýän gurallar barada maglumatlar jemlenendir.
“Menim maksadym häzirki zaman kompozitoryň işleşýän ähli saz gurallary barada esasy maglumatlary bir ýere jemlemekdi”, – diýip, kompozitor öz pikirleri bilen paýlaşýardy. Şol bir wagtyň özünde bu kitap ylmy taýdan-da möhüm ähmiýete eýedir: onda türkmen halk saz gurallarynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gyzykly ylmy çaklamalar öňe sürülýär, olaryň täzeden dikeldilmegi we geljekde kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler gozgalýar.
Baýram Hudaýnazarow kompozisiýa boýunça geçýän sapaklarynda şeý diýip öwredýärdi: “Dogry, häzirki zaman tehnologiýalaryny bilmek zerur, emma olara düşünjesiz gyzykmaly däl. Saz, ilkinji nobatda, adamlara şatlyk, lezzet bermeli, owazlaryň gözelligi bilen kalplaryny begendirmeli!”
Ussat ýene-de bir pikiri gaýtalap durardy: “Özüňizi gaýgyrmaň! Sazda-da, durmuşda-da dörediji ýanyp durmaly! Eger sen etmeseň, eger men etmesem, onda kim – biz etmesek kim?!” Bu sözlerde Baýram Hudaýnazarowyň – beýik Döredijiniň we Adamyň – ýaşaýyş ýörelgesi jemlenýärdi.
Zulfiýa JUMAKULIÝEWA, Ýelena OSIPOWA
