AŞGABAT, 30-njy dekabr | ORIENT. 2026-njy ýylyň öňüsyrasyndakyTäze ýyl baýramçylygynyň çäginde Maslahat köşgünde çagalar üçin baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylygyň esasy gahrymanlary “Jahan” döredijilik merkeziniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň körpeleri boldy.
Agşamyň iň esasy wakasy “Aýterek-Günterek” halk oýnuna esaslanýan çykyş boldy. “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalary tarapyndan ýerine ýetirilen bu aýdym köpden bäri nesilleriň dowamlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Köp çagalar üçin şeýle çykyşlara gatnaşmak – diňe bir döredijilik däl-de, eýsem Gazna tarapyndan goldanylýan durmuşa uýgunlaşmasynyň möhüm tapgyrydyr.
Agşamyň ýatda galyjy pursady Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy boldy. Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda döredilen mähirli gurşawda çagalar goşgy okadylar we okuwdaky üstünlikleri barada gürrüň berdiler.
“Ganatly bedewler” ýylyna gadam basýan Türkmenistan üçin şeýle çäreler onuň ynsanperwerlik däplerine ygrarlydygyny görkezýär: ýaş nesil hakdaky alada ýurduň geljeginiň binýady bolup durýar.
