Aşgabat, 22-nji dekabr | ORIENT. Türkmenistanda durmuş ugurly hyzmaty özgertmegiň bir ýyllyk giň gerimli maksatnamasy tamamlandy. ÝUNISEF-iň goldawy esasynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, tutuş ýurt boýunça müňlerçe maşgalanyň daýanjy boljak hünärmenleriň milli sertifikasiýasynyň jemlerini jemledi.
Maksatnamanyň tamamlanmagy “Durmuş hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň 4 ýyllygyna gabat geldi — bu döwür içinde ýurt diňe bir halkara standartlary ornaşdyrman, eýsem, raýatlary goldamagyň özboluşly milli nusgasyny hem döretdi.
Häzirki zaman durmuş ulgamyndaky işgäri — bu diňe bir duýgudaşlygy däl, eýsem kömek bermegiň takyk tehnologiýalarydyr. Okuwlar üç sany ugur esasynda geçirildi: netijeli kommunikasiýa — öz kynçylyklary barada köplenç dymýanlary diňläp bilmek ukyby; keýs-menejment (işleri alyp barmak) — maşgalany kynçylygyň ýüze çykan pursadyndan tä onuň doly çözülýänçä çenli goldaw bermek; maglumatlara esaslanýan baha bermek — duýgurlyga esaslanýan kömekden subutnamalara esaslanýan goldawa geçmek.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna häzirki wagtda maşgala institutyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň sebitde öňdebaryjy orny eýeleýändigini nygtady.
Durmuş ugurly işgärler – bu ulgamyň binýadydyr. Olaryň başarnyklaryna maýa goýmak bilen, ýurt her bir çaganyň hukuklarynyň ygtybarly goralýan has durnukly jemgyýeti gurýar” – diýip, ol belledi.
Maksatnamanyň möhüm tarapy akademiki gurşawy hakyky durmuş ýagdaýlaryna integrasiýa etmek boldy. Taslamanyň esasy intellektual merkezleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty boldy.
Indi talyplar diňe bir okuw kitaplary boýunça nazaryýeti öwrenmän, eýsem, maşgalalaryň hakyky zerurlyklaryny seljermäge gatnaşýarlar we diplomlaryny kömek bermegiň amaly guralyna öwürýärler.

Soňky bäş ýylyň dowamynda “Her bir çaga” ählumumy hyzmatdaşlygy tarapyndan goldanylýan bu ulgam iň gowy dünýä tejribeleri millilige uýgunlaşdyrmakda üstünlik gazandy. Netijede, diňe “hyzmatlar bermek” bilen çäklenmän, eýsem maşgalalara çökgünligi ýeňip geçmäge we has-da güýçlenmäge kömek edýän ulgam döredildi.
ÝUNISEF her bir etrapda we her bir öýde ýokary hilli durmuş goldawyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde işlemegi dowam etdirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
