Google kompaniýasy Gemini 3 Flash — ähli ulanyjylar üçin mugt elýeterli bolan täze esasy neýro ulgamy hödürledi. Bu model Gemini goşmaçasyndaky öňki emeli aň neslini çalyşyp, ep-esli derejede has akylly we has çalt boldy. Täze ulgam «elýeterli bahadan öňdebaryjy intellekt» ýörelgesi esasynda döredilip, ony gündelik işler üçin ajaýyp kömekçi edýär.
Ýokary tizligine garamazdan, Gemini 3 Flash logiki pikirlenme we maglumatlary seljerme babatda öňki güýçli modellerden hem öňe geçýär. Ol maglumatlary gaýtadan işlemegi üç esse tiz ýerine ýetirýär, wideomazmuny gowy düşünýär we uly göwrümli tekstlerden möhüm maglumatlary saýlap alyp bilýär. Indi ulanyjylar diňe öz pikirlerini çat-bota beýan etmek arkaly goşmaça prototiplerini döredip bilýärler — munuň üçin programmirleme bilimleri indi zerur däl.
Täze modelde iki sany amatly iş tertibi peýda boldy: dessine jogaplar üçin «Çalt» tertibi we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin «Çuňňur pikirlenme» tertibi. Neýro ulgam soraglaryň inçe aýratynlyklaryny has gowy duýup, hakyky wagt tertibinde internetden degişli maglumatlary we peýdaly salgylary hödürleýär.
Täzelenme eýýäm dünýä boýunça hyzmatyň mobil we web görnüşlerinde ornaşdyrylýar. Öndürijiler we korporatiw müşderiler üçin model Google Cloud we AI Studio platformalary arkaly elýeterli bolup, wagtyň iň az sarp edilmegi bilen ýokary öndürijiligi üpjün edýär.
ORIENT
Goşmaça okaň:
Gemini 3 üçin Deep Think: AI ugurdaş pikirlenip, çylşyrymly meseleleri çözmegi öwrendi
Dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagy Germaniýada açyldy
