OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni köpugurly kömekçä öwürýän içerki goşmaça programmalar dükanyny işe girizdi. Indi çat-bota gündelik we iş bilen bagly meseleleri çözmek üçin üçünji tarap hyzmatlaryny göni birikdirmek mümkindir.
«Goşmaçalar» bölüminde eýýäm Spotify, Apple Music, Adobe Photoshop, Google Drive we Slack ýaly 50-den gowrak meşhur hyzmat elýeterlidir. Integrasiýa arkaly neýrotor bu platformalaryň içinde hereket edip bilýär. Mysal üçin, ChatGPT siziň aýdym-saz islegleriňizi seljerip, belli bir ýagdaýyňyza laýyk Spotify pleýlistini döredip biler — bu funksiýa aýdym-saz goşmaçasynyň özünde ýok.
ChatGPT-niň içindäki gözleg we maslahatlar mugt, emma resminamalar bilen doly işlemek ýa-da maglumatlary eksport etmek üçin degişli goşmaçanyň tölegli ýazylyşy talap edilip bilner. Häzirki wagtda täze programma ABŞ-da we Ýewropada elýeterli bolup, ýakyn wagtda dünýäniň ähli sebitlerinde peýda bolar.
Indi dürli programmalar arasynda yzygiderli geçmegiň zerurlygy ýok. Çatda bir ýekeje tabşyryk bermek ýeterlikdir — ChatGPT özi Spotify-da aýdym tapar, Canva-da faýly redaktirlär ýa-da Zoom-da jaňy meýilleşdirer.
ORIENT
