Soňky wagtlarda öý haýwanlarynyň eýeleriniň arasynda PetHealthPredictor atly täze hyzmat giňden ýaýraýar. Bu emeli aň ulgamy öý haýwanlarynyň saglygyny başlangyç derejede barlamaga we bejergi çykdajylaryny öňünden meýilleşdirmäge kömek edýär. Ulgam dil modeli bilen häzirki zaman weterinar klinikalarynyň maglumatlar binýadyny birleşdirip, ulanyjylara «wirtual weterinar» görnüşinde hyzmat edýär.
Hyzmatdan peýdalanmak işi öý haýwany barada esasy maglumatlary girizmek bilen başlanýar: ady, görnüşi we ýaşy. Görkezilen alamatlara görä algoritm weterinar gollanmalaryny seljerýär we mümkin bolan keselleriň sanawyny hödürleýär.
Emeli aňyň esasy aýratynlygy maliýe taýdan açyklygydyr — ulgam zerur amallaryň we dermanlaryň çak edilýän bahasyny dessine hasaplaýar.Şeýle-de bolsa, maglumatlar binýadynyň häzirlikçe ABŞ bazaryna daýanýandygyny, hasaplamalaryň bolsa amerikan weterinar klinikalarynyň bahalaryna we ätiýaçlandyryş modellerine laýyklykda geçirilýändigini göz öňünde tutmak zerurdyr.
Garaşylmadyk çykdajylardan goramak maksady bilen, hyzmat abuna ulgamyny hödürleýär. Mysal üçin, pişikler üçin hyzmatlar bukjasy aýda 14,95 ABŞ dollaryndan başlanýar we meýilleşdirilen barlaglary, sanjymlary hem-de analizleri öz içine alýar. Itler üçin bolsa diş arassalamak ýa-da sterilizasiýa ýaly amallary hem öz içine alýan giňeldilen meýilnamalar göz öňünde tutulýar.
Bu taslama öňüni alyş lukmançylygy boýunça dünýä derejesindäki ugruň bir bölegi boldy. Adamlar üçin niýetlenen Oura halkalary ýa-da Whoop trekerleri ýaly akylly enjamlara meňzeş şeýle programmalar öý haýwanlarynyň eýelerine saglygy öňünden gözegçilikde saklamagy öwredýär. Şeýle-de bolsa, emeli aňyň soňky netijäni goýmaýandygyny, diňe mümkin bolan töwekgelçilikleri görkezýändigini ýatda saklamak möhümdir. Emeli aňyň kömegi bilen geçirilen öňüni alyş çäreleri we alamatlaryň wagtynda ýüze çykarylmagy geljekde gymmat bejergilerden gaça durmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT
