16-njy dekabrda Daşkent şäherinde «Adam mertebesiniň, jemgyýetçilik adalatlylygyň we daşky gurşawy goramagyň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly tema boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga 100-den gowrak ýolbaşçylar we parlamentariler, diplomatik korpusyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda parlamentara dialogy ösdürmegiň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Çäräniň maksatnamasyna umumy mejlis we iki sany tematik sessiýa girizildi. Olaryň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly özgerişler we senagaty ösdürmek meseleleri, şeýle hem daşky gurşawy goramakda we ekologiýa başlangyçlary durmuşa geçirmekde parlamentleriň orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň derňew merkezleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda parlament işiniň ylmy-deeňew üpjünçiligi boýunça «tegelek stol» geçirildi.
Şeýle hem gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň sentýabrynda Seul şäherinde we 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen öňki duşuşyklaryň bu parlamentara hyzmatdaşlyk formatynyň derwaýyslygyny we zerurlygyny aýdyň görkezendigini bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji mejlisiniň Bilelikdäki jarnamasy kabul edildi. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da, sanly tehnologiýalary ösdürmek, daşky gurşawy goramak, durmuş goraglylygy, gender deňligini we adam hukuklaryny öňe sürmek, bilim, ylym, medeni-ynsanperwer alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky çözgütler kabul edildi.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmegiň, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmagyň, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hem-de howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
ORIENT
