Garagalpagystanyň iki özboluşly medeni gymmatlygy — Kobyz saz guraly we däp bolan Ak öýi — Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna resmi taýdan girizildi. Bu taryhy çözgüt Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde kabul edildi diýip, Yuz.uz habar berýär.
Bu gymmatlyklaryň abraýly sanawa goşulmagy olaryň diňe bir sebit üçin däl, eýsem bütin dünýä medeniýeti üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bu kararyň milli medeniýet üçin möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy. Ol halkara derejesinde ykrar edilmeginiň garagalpak halkynyň däpleriniň çuň mazmunyny hem-de bu baý mirasy gorap saklamakda ussatlaryň we alymlaryň ägirt uly goşandyny tassyklaýandygyny belledi.

Bu gymmatlyklaryň özboluşlylygy nämede?
Kobyz: “Sähranyň sesi” hasap edilýän gadymy kirişli-kemençe saz guralydyr. Onuň sazlary halk eposy we ruhy taryh bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ak öý: Çarwa medeniýetiň nyşanydyr. Halk ussalarynyň filosofiýasyny, durmuş ýörelgesini we ussatlygyny şöhlelendirýän özboluşly binagärlik çözgüdidir.
ÝUNESKO derejesi Kobyz we Ak öý üçin halkara goraglylygyny üpjün edýär. Bu karar Garagalpagystanyň medeniýetiniň dünýä derejesinde wagyz edilmegine, syýahatçylaryň çekilmegine hem-de geljekki nesiller üçin özboluşly el hünärleriniň ilkinji keşbinde saklanmagyna ýardam eder.
ORIENT
