Türkiýäniň resmi syýahatçylyk platformasy bolan GoTürkiye «Hidden Lover» («Gizlin söýgüli») atly üçünji mini-serialyny hödürledi. 10 bölümden ybarat bolan söýgi komediýasy meşhur kurortyň syrly we heniz doly öwrenilmedik taraplaryny dünýä tanatmagy maksat edinýär.

Taslamanyň baş keşplerini türk kinosynyň ýyldyzlary Eda Eje we Janer Jindoruk ýerine ýetirdi. Wakalaryň ösüşi tötänleýin ýalňyşlyk bilen başlanýar: arhitektor Güneş telekeçi Denizi sürüji diýip kabul edýär. Olar bilelikde Ortaýer deňziniň gizlin aýlaglaryna, gadymy şäherlerine we gastronomik ugurlaryna syýahat edýärler, bu bolsa garaşylmadyk söýgi gatnaşygyna getirýär.

Taslama Antalýanyň ýylyň dowamynda syýahatçylyk üçin amatly merkez hökmünde öňe sürülmegine gönükdirilendir. Serial diňe bir kenarýaka dynç alyşlaryny däl, eýsem tebigy kanýonlary we gadymy siwilizasiýalaryň yzlaryny hem açyp görkezýär. «Hidden Lover» GoTürkiye platformasynyň «Antalya Gambit» we «İstanbul My Love» ýaly öňki üstünlikli kinotaslamalarynyň dowamydyr, olar dünýä boýunça millionlarça tomaşaçyny özüne çekdi.

GoTürkiye-niň sanly üstünlikleri bu strategiýanyň netijeliligini tassyklaýar: 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda platformanyň YouTube ýaýlymy 5,3 million abunaçynyň we 763 million tomaşanyň derejesine ýetdi. Bu görkezijiler platformany syýahatçylyk media serişdeleriniň arasynda dünýä liderleriniň hataryna çykardy.

ORIENT
