OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman tarapyndan esaslandyrylan World taslamasy (öňki ady — Worldcoin) täzelenen programmany hödürledi. Bu programma messenjer bilen maliýe hyzmatlarynyň gibrididir we onuň esasy maksady şahsyýeti tassyklamak arkaly ulanyjylary botlardan we dipfeýklerden goramakdan ybaratdyr.
Ulgamyň esasy World ID — sanly pasport bolup durýar. Ol gözüň reňkli gatlagynyň (iris) ýörite Orb enjamy arkaly skanirlenilmegindem soň berilýär. Häzirki wagtda bu düzgün has aňsatlaşdyryldy: Orb Mini atly ykjam enjamlar peýda boldy, olary hatda öý şertlerinde hem ulanmak mümkin.
Programmanyň esasy aýratynlyklary:
• World Chat — Signal messenjerine meňzeş açyk şifrlenmesi bolan habarlaşma hyzmaty. Dialogyň içinde ulgamyň ýörite bellikleri görkezilýär: söhbetdeşiň gözüň skaneri arkaly tassyklanan hasapmy ýa-da adaty akkauntmydygy anyk görünýär.
• “Adamdygyny kepillendirmek” — ulanyjy hakyky we üýtgeşik adam bilen gürleşýändigini ýa-da botlaryň toplumydygyny dessine anyklap bilýär.
• Maliýe blogy — programma kriptokapjyk we pul geçirim hyzmaty hökmünde işleýär. Ulanyjylar pul sorap biler, zähmet haky alyp biler we serişdeleri kriptowalýuta öwrüp biler.
«Sosial» hyzmaty döretmek baradaky isleg gönüden-göni ulanyjylaryň özlerinden gelip çykdy. Işläp düzüjiler World taslamasyny diňe kripto-gurallardan ybarat bolan dar çäkli platformadan gündelik ulanylýan programma — WhatsApp ýa-da Telegram, emma has ýokary howpsuzlyk derejesi bilen çykarmagy maksat edinýärler.
Esasy tölegler üçin biometrik barlag hökmany däl, ýöne gözüň skaneri arkaly şahsyýeti tassyklamak internetde AI-dipfeýklere garşy esasy gorag hökmünde galýar. Häzirki wagtda hyzmatdan 20 milliondan az adam peýdalanýar, emma döredijileriň uly maksady — dünýä boýunça 1 milliard ulanyjyny özüne çekmekdir.
ORIENT
