Hytaýda polisiýa işgärleri içine emeli aň (EA) ornaşdyrylan giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň ilkinji tapgyryny ulanyp başladylar. Bu enjam raýatlary we awtoulaglary dessine tanamaga mümkinçilik berip, gözegçilik gullugynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Äýnekler awtoulag belgilerini 1200 metre çenli aralykda, adamlaryň ýüzlerini bolsa 30 metre çenli aralykda skanirläp bilýär. Alnan maglumatlar gözlenýän şahslar, sürüjilik şahadatnamalary we karz maglumat binýady bilen deňeşdirilýär. Tanamak we barlamak işi bary-ýogy 1–2 sekunt wagt alýar. Netijeler AR-displeý arkaly göni polisiýa işgäriniň görüş meýdanynda reňkli bellikler bilen görkezilýär: gyzyl reňk — şübheli maglumatlar, ýaşyl reňk bolsa adaty maglumatlar üçin niýetlenendir.
Gözegçilik wagtynda bu äýnekler barlag nokatlarynda sürüjileri tiz barlamaga hem-de adamyň düzgün bozujylar binýadynda hasaba alnan-alynmandygyny anyklamaga ýardam edýär. Tehnologiýa neýron torlaryna esaslanýar, islendik howa şertlerinde (gijesine, ýagyş wagtynda) işleýär we ses arkaly terjime mümkinçiligini goldaýar.
Bu «akylly» äýnekleriň ornaşdyrylmagy emeli aňyň hukuk tertibini üpjün etmek ulgamyny nähili üýtgedýändigini görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, uzak aralykdan skanirlenýän raýatlaryň şahsy durmuşy bilen bagly çynlakaý soraglary hem döredýär. Polisiýa bu enjamlaryň ulanylyşyny iri şäherlerde giňeltmegi meýilleşdirýär.
ORIENT
