Saglyk: Beýniniň ýaşyny nädip 8 ýyl yza “öwürmek” mümkin
Täze ylmy barlag adam beýnisiniň örän ýokary çeýelik ukybyna eýedigini subut etdi. Alymlar MRT-skanirleme arkaly dört endigiň utgaşmagynyň — optimizm, ýokary hilli uky, stressi dolandyrmak we işjeň aragatnaşyk — beýnini biologik taýdan onuň hronologik ýaşyndan 8 ýyl ýaşartýandygyny anykladylar. Bu hatda dowamly keselleri bolan adamlar üçin hem täsir edýär. Bu barada Florida uniwersitetine salgylanyp, Science Daily habar berdi.
«Bular adamyň belli bir derejede gözegçilik edip bilýän zatlarydyr, — diýip, Florida uniwersitetiniň kliniki we lukmançylyk psihologiýasy boýunça ylmy işgäri, filosofiýa doktory we barlagyň ýolbaşçylarynyň biri Jared Tanner belledi. — Siz stressi başgaça kabul etmegi öwrenip bilersiňiz. Erbet ukyny gowy bejerip bolýar. Optimizmi hem tejribede ulanyp bolýar».
Barlagda orta we uly ýaşly 128 adam iki ýylyň dowamynda syn edildi. Gatnaşyjylaryň her biriniň “beýnisiniň ýaşy” we onuň üýtgeýşi maşyn öwreniş modelleri arkaly işlenilen MRT maglumatlary esasynda bahalandyryldy. Netijede, goragly endikleriň (uky, sagdyn agram, temmäkiden ýüz öwürmek we aragatnaşyk) beýniniň ýaşlygyna ýetirýän oňyn täsiriniň daşky ýaramaz faktorlaryň täsirinden has güýçli we durnuklydygy anyklandy.
Ekologiýa: Çölüň ýerine gülleýän oazis
Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Awati uýezdinde çölleşmä garşy göreş boýunça bäş ýyllyk taslamanyň jemleri resmi taýdan jemlendi. Öň gurak we hasylsyz bolan bu sebit häzirki wagtda gülläp ösýän suw-batgalyk meýdana öwrüldi. Alymlaryň we ýerli ýaşaýjylaryň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde bu ýeriň ekoulgamy dikeldildi, seýrek guşlar we ösümlikler gaýdyp geldi, sebitde howa şertleri hem has ýumşady.
Bu köp wagty we zähmeti talap edýär, ýöne ekoulgamlary ep-esli derejede üýtgetmek mümkindir. Munuň üçin bary-ýogy adaty däl usulda pikirlenmek we sabyrly bolmak gerek. Bastille Post Global-yň belleýşi ýaly, ozal bu ýer, esasan, çölleşmeden ejir çeken gurak sebitdi. Emma ýerli häkimiýet edaralary we alymlary ony gülläp ösýän suw-batgalyk meýdana öwürmegi başardylar.
Bu hökümetiň we barlagçylaryň hakyky innowasion çemeleşmesini talap eden üznüksiz iş boldy. Olar şäheriň lagym suwlaryny gaýtadan peýdalanmagy, damjalaýyn suwaryş usulyny giňden ulanmagy we tokaýlary giň gerimde ekmegi öz içine alýan toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarladylar.
2020-nji ýyldan bäri jemi 52 500 gektar ýer dikeldildi, tokaý meýdany bolsa 4,5%-den 45%-e çenli artdy. Sebit dürli ösümlik dünýäsiniň mekanyna öwrülip, göçüp-gonýan guşlaryň sürülerini özüne çekýär we 200-den gowrak ýabany haýwan görnüşini kabul edýär.
Tehnologiýalar: Çip özbaşdaklylygy
17-nji dekabrda Hindistan öziniň ilkinji doly milli 64-bitli DHRUV64 prosessoryny üstünlikli tanyşdyrdy. Bu Hindistanda doly işlenip taýýarlanan iň ösen we häzirki zaman prosessory bolup, ösüp barýan ýurtlarda tehnologiýalaryň elýeterliligi ugrunda ägirt uly ädimdir.
DHRUV64 prosessoryny işläp taýýarlan gurama — Ösen hasaplaýyş ulgamlaryny ösdürmek merkezi (Centre for Development of Advanced Computing, CDAC) bolup durýar. CDAC-nyň bellemegine görä, bu täze prosessor bäşinji nesil aragatnaşyk torlaryna (5G) esaslanýan telekommunikasiýa infrastrukturasyny döretmek, awtoulag ulgamlary, sarp ediji elektronikasy, senagat awtomatizasiýasy ulgamlary we zatlaryň interneti (IoT) enjamlary üçin amatlydyr.
ORIENT
