Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ilkinji gezek geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň (CA+JAD) sammitini resmi taýdan tassyklady. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 19-20-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriler.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Takaiti Sanae sammite başlyklyk eder. Çärä sebitiň bäş ýurdunyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň.
Duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini goldamak, umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna esaslanýan halkara tertibini berkitmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek girýär.
Sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” formatyndaky işewürlik forumyny geçirer.
Takaiti Sanae Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn birnäçe gepleşikleri hem geçirer diýip, Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi metbugat beýanatynda bellenilýär.
Bu sammit hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza ygrarlylygy ýene-de tassyklamagy we özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.
ORIENT
