Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Saparyň maksady “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki birinji sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr.
Şu gezekki sapar döwlet Baştutanynyň 2025-nji ýylyň dowamynda Ýaponiýa amala aşyrýan ikinji saparydyr. Ozal, şu ýylyň aprel aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “EXPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşmak maksady bilen Osaka şäherine sapary amala aşyrypdy.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar iri möçberli senagat taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidilýär. Türkmenistanda “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi: Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawody; Gyýanlyda polimer zawody; Garabogazda karbamid zawody.
Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
Bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Aşgabatda ýapon bilim standartlary boýunça işleýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hereket edýär. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili işjeň öwredilýär. Munuň özi bolsa iki ýurduň ýaş nesilleriniň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Öňde boljak sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Liderleriniň durnukly ösüş, ulag we ýaşyl energiýa ugurlarynda mundan beýläk-de integrasiýa mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Sammitiň netijeleri boýunça Tokio Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
ORIENT
