Germaniýanyň Karlsrue şäherindäki ZKM Çeperçilik muzeýi Electronic Petting Zoo atly taslamany işe girizdi — bu dünýäde ilkinji robotly kontakt haýwanat bagydyr. Bu ýerde janly haýwanlaryň deregine emeli aň (EA) arkaly dolandyrylýan 10 sany robot deňiz doňuzy bar.
30-njy noýabrdan başlap, myhmanlar bu ýumşak robotlary anti-kafe ýörelgesine laýyklykda mugt sypalap, olar bilen “aragatnaşyk” gurup bilerler. Her bir deňiz doňuzy özboluşly häsiýetli EA-agenti bilen üpjün edilendir: biri mandarinleri gowy görýär, beýlekisi bolsa ýokary derejeli intellektual gürrüňleri halaýar.
Taslamanyň döredijileri onuň esasy maksadynyň hakyky durmuş bilen programma boýunça döredilen hereketleriň arasyndaky tapawudy görkezmekdigini, diri gatnaşygy çalyşmak däldigini belleýärler. Haýwanat bagy EA-niň empatiýa we jogapkärçilik meselelerindäki ornuna düşünmäge itergi bermäge gönükdirilendir, bu aýratyn-da çagalar üçin peýdalydyr.
Bu taslama Casio-nyň Moflin ýa-da Huawei-niň Smart Hanhan ýaly EA-haýwanlar bilen bagly dünýä möçberindäki tendensiýany hem görkezýär. Emma Electronic Petting Zoo “programmirlenen aladanyň” ýalňyzlyk meselesini näderejede çözüp biljekdigine tankydy garaýşy hödürleýär.
Haýwanat bagy 2026-njy ýylyň 2-nji awgustyna çenli açyk bolar. Bir mugt sessiýanyň dowamlylygy — 30 minut.
ORIENT
