Aşgabat, 16-njy dekabr | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň paýtagty uly medeni baýramçylygyň merkezine öwrüldi. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi binasynda ÝUNESKO-nyň güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Indi “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda resmi taýdan girizilendigi.
Bu çözgüt ýakynda Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisde kabul edildi we planetanyň iň gadymy itleriniň tohumlarynyň biriniň halkara derejesinde ykrar edilmegine gönükdirilen giň gerimli tagallanyň jemleýji pursady boldy.
Baýramçylyk türkmen halkynyň durmuşynda alabaý itleriniň köpasyrlyk taryhynyň esasy tapgyrlaryny görkezýän sergi bilen başlandy. Merkeziň eýwanynda alabaýlaryň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolandygyna şaýatlyk edýän arheologik subutnamalar, şeýle hem alabaýlaryň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik işleri hem ýerleşdirilipdir. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli medeni mirasa bagyşlanan kitaplaryna orun berlipdir.
Güwänamanyň gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanda alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologik derejä çykandygy bellenildi. Welaýatlarda we paýtagtda döredilen ýöriteleşdirilen merkezler – diňe bir itleri ösdürip ýetişdirýän ýer bolman, eýsem döwrebap ylmy-barlag edaralarydyr. Bu ýerde alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň nusgawy däpleri öňdebaryjy weterinariýa we genetiki tehnologiýalar bilen utgaşdyrylýär. Munuň özi bolsa tohum arassalygyny gorap saklamaga mümkinçilik berýär.
Baýramçylygyň esasy wakasy Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirilen alabaý itleriň görkezilişi boldy. Açyk manežda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen bäsleşiginiň ýeňijileri çykyş etdiler.
Tomaşaçylar diňe bir dermen alabaý itlerini däl, eýsem tälimçileriniň yhlasly işiniň netijesini hem gördüler: alabaýlaryň gaýduwsyzlygy, akyllylygy we bütin dünýäde gymmatly hasaplanýan başarnyklaryny – rahatlylygyny, ynamlylygyny we çäksiz wepalylygyny görkezdiler.
Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine “Türkmen alabaýy” aýdymynyň ýerine ýetirilmegi aýdym-sazly çykyşyň jemleýji bölegi boldy. bu aýdymda türkmen halkynyň meşhur goragçysy bilen duýgusynyň baglanyşygy nygtaldy.
