Google kompaniýasy Disco atly synag brauzeri hödürledi. Onuň maksady — emeli aň (EA) bilen çuň integrasiýanyň üsti bilen internetde işlemegiň täze çemeleşmelerini synap görmekdir. Disco Chrome brauzerini çalşyp bilmez, emma innowasiýalar üçin synag meýdançasy bolup hyzmat eder.
Bu brauzer Gemini 3 neýroulgamyny ulanýar we islendik açyk goşmaçany şahsylaşdyrylan programma öwürmäge ukyplydyr. Bu bolsa ulanyjylara dürli web sahypalaryndan maglumatlary amatly ýagdaýda ýygnamaga we birleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Esasy aýratynlygy — GenTabs funksiýasydyr. Ol maglumatlary jemlemek üçin ulanyjy interfeýslerini dessine döredýär, mysal üçin täze bir tema öwrenilende ýa-da syýahat meýilleşdirilende. Ulanyjylar döredilen programmany ýönekeý tekst buýruklarynyň kömegi bilen kämilleşdirip bilýärler.
Disco täze açylan goşmaçalary awtomatiki ýagdaýda esasy taslama birikdirýär we şol bir wagtyň özünde maglumatlaryň ilkinji çeşmelerine bolan salgylary saklap galýar. Bu bolsa ony uly möçberdäki maglumatlary çalt seljermek üçin amatly gural öwürýär.
Häzirki wagtda Disco we GenTabs diňe Google Labs maksatnamasynyň gatnaşyjylary üçin elýeterlidir, olara bolsa garaşýanlaryň sanawyna goşulmak zerurdyr.
ORIENT
