Lenovo kompaniýasy Legion brendi astynda täsin gurluşly täze oýun noutbugynyň çykarylmagyna taýýarlanýar. Windows Latest neşiriniň maglumatlaryna görä, Legion Pro Rollable atly enjam gönüden-göni keseligine giňelýän ekran bilen üpjün edilen. Onuň esasy aýratynlygy — displeýi giňeldip, oýunlara hem-de ýokary öndürijilikli işler üçin iň amatly bolan ultra-giň formatda ulanmak mümkinçiligi.
Täzeligiň CES 2026 sergisinde görkezilmegine garaşylýar.
Öňki dik görnüşde giňelýän modellerden tapawutlylykda, Legion Pro Rollable ekrany saga hem-de çepe giňeldip, 21:9 gatnaşygy bolan ultra-giň görnüşe ýetýär.
Bu gurluş oýunlarda maksimal hakykylyk duýgusyny berýär. Noutbugyň azyndan 120 Hz täzelenme tizligini goldajagy hem-de Windows 11 ulgamynda işleýän Intel Core Ultra prosessory bilen üpjün ediljegi mälim.
Tehniki taýdan bu mümkinçilik Lenovo tarapyndan öňki synag modellerinde ulanylan motorizirlenen şpindel ulgamy hem-de çeýe POLED paneli arkaly üpjün edilýär. Ekran giňeldilende gural korpusyň sag we çep böleklerinden gizlin panel böleklerini çykaryp, displeýi giňeldilen formatda berkidýär.
Legion Pro Rollable professional işlerde we talabalaýyk oýun ýüklemelerinde ekran giňişligine ýokary talap bildirýän ulanyjylar üçin döredildi.
ORIENT
