Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Valve Steam Deck we täze VR-konsoly üçin Android oýunlarynyň öňüni açýar

11.12.2025|15:00|
216
valve-steam-deck-we-taze-vr-konsoly-ucin-android-oyunlarynyn-onuni-acyar
Surat çeşmesi: digital-razor.ru

Valve kompaniýasy Lepton diýlip atlandyrylýan täze utgaşyklylyk platformasyny işjeň taýýarlap başlady. Bu taslama Android goşundylaryny we oýunlaryny SteamOS operasion ulgamynda işledip bilmek üçin niýetlenendir. Bu bolsa hem Steam Deck göterilýän konsoly, hem-de kompaniýanyň geljekki VR-enjamy üçin strategiki taýdan möhümdir.

Häzirki wagtda Steam-iň resmi sahypasynda eýýäm Lepton bilen bagly logotip peýda boldy. Güman edilmegine görä, Waydroid ulgamynyň fork görnüşi bolup durýan bu platforma, Android ulgamyny Linux gurşawynyň içinde işledip bilmäge mümkinçilik berer — edil Proton tehnologiýasynyň Windows oýunlaryny Linux üçin uýgunlaşdyryşy ýaly.

Lepton taslamasy Valve kompaniýasynyň täze VR-garniturasynyň — Steam Frame VR — ösüşi bilen ýakyndan baglydyr. Garnitura ARM64 arhitekturasyna esaslanan Qualcomm Snapdragon prosessorynda işlejekdigi üçin, Lepton ulanyjylara Android goşundylaryny gönüden-göni wirtual hakykatda işletmäge mümkinçilik berer.

Bu taslamanyň netijesinde SteamOS ulanyjylary giň Android goşundylar ulgamyna, şol sanda ýokary hilli AAA oýunlarynyň has köpüsine elýeterlilik gazanar. Lepton Valve tarapyndan hödürlenýän mazmuny birleşdirmegi, şeýle hem dizaýnerler bilen oýunçylaryň işini ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

ORIENT

Valve Steam Deck we täze VR-konsoly üçin Android oýunlarynyň öňüni açýar