Ylym dünýäsi hakykatdanam özbaşdak işläp bilýän AI-kömekçileriň döredilmegine bir ädim golaýlaşdyrýan iki ösüş barada habar berdi. Esasy ugur — daşardan berilýän okuw maglumatlaryndan (AI-ni taýýarlamak üçin ulanylýan gurluşly maglumat toplamlaryna) garaşlylygy azaltmak we uzak möhletleýin, toplanyp bilýän ýadyň ösdürilmegi.
Salesforce Research we Stenford uniwersitetiniň alymlary daşky maglumatlara dolulygyna garaşsyz Agent0 ulgamyny hödürlediler. Bir binýat modelinden döredilen iki kömekçi koewalýusiýa (bilelikde ösüş) tapgyryndan geçýär: biri çylşyrymly meseleleri döredýär (Curriculum agent), beýlekisi bolsa gurnalan gurallary ulanmak bilen olary çözmegi öwrenýär (Executor agent).
Bu öz-özüni goldaýan proses AI-a adamyň bilim çäginden çykyp, öz başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Synaglarda Qwen3-8B-Base binýat modeli matematika boýunça 18%, umumy akyl ýetiriş boýunça bolsa 24% ösüş görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde BAAI, Pekin Politehniki Uniwersiteti we Gonkong Uniwersiteti täze ýat ulgamyny döretmäge aýratyn çemeleşme bolan General Agentic Memory (GAM) ulgamyny hödürlediler. Häzirki zaman ulgamlaryndan tapawutlylykda, GAM ýüzleý gözlegiň ýerine çuňňur derňew arkaly ýadyň döredilmegini üpjün edýär.
Ulgam Memorizer (maglumatlary gysýar) we Researcher (gözlegi meýilleşdirýär we maglumatlaryň degişliligini barlaýar) atly komponentleri ulanýar. Bu bolsa bir mesele üçin alnan bilimiň geljekki meselelerde hem ulanylmagyna, bir gezeklik kontekstdäki däl-de, domen ekspertizasyny emele gelmegine getirýär. Tehnologiýa eýýäm köp basgançakly meselelerde 90%-den ýokary takyklyga ýetdi.
Bu ösüşleriň ikisi hem AI-kömekçileriň doly özbaşdaklyga we öz oýlanyş ukybyny, intellektual maýasyny döredip bilýän ulgama öwrülýändigini görkezýär.
ORIENT
