OpenAI kompaniýasy ChatGPT chatboty üçin uly täzelenmäni hödürläp, sesli tertibi dialogyň esasy penjiresine gönüden-göni integrirledi. Indi ulanyjy bilen emeli aňyň özara gatnaşyklary — sesli aragatnaşygy, olaryň ýazuw görnüşine geçirilmegi we jogaplaryň alynmagy — bir penjirede, dialogy bozmazdan ýerine ýetirilýär. Bu bolsa AI bilen aragatnaşygy has tebigy we rahat edýär.
Işläp taýýarlaýjylaryň hasabatyna görä, täze funksiýa sesli tertibi esasy tekst bilen hakykatdanam birleşdirýär. Ulanyjynyň indi tertipleri çalyşmagy ýa-da başga penjirä geçmegi zerur däl.
Täzelenen, birleşdirilen tertip birnäçe artykmaçlygy hödürleýär:
• Hakyky wagtda ýazuw görnüşine geçirmek: ChatGPT siziň sesli gepleýşiňizi göni çatyň içinde ýazuw görnüşinde görkezýär.
• Wizualizasiýa: Hakyky wagtda AI sesli jogap berýän mahaly suratlar, kartalar ýaly wizual elementleri hem görkezýär.
• Dinamik dialog: Ulanyjy islendik wagtda AI-niň «sözüni bölüp», täze sorag berip ýa-da goşmaça düşündiriş sorap bilýär. Bu aýratynlyk aragatnaşygy has adamlaryň aradyndaky gepleşige ýakynlaşdyrýar.
Möhüm ýagdaýlaryň biri — bu täzelenmäniň mejbury däldigidir. Eger ulanyjy öňki görnüşi, ýagny sesli we tekstli tertipleri aýratyn ulanmagy isleýän bolsa, olary öňki görnüşe aňsatlyk bilen yzyna gaýtaryp bolýar. Munuň üçin sazlamalara girip, «Aýratyn tertip» düwmesini işjeňleşdirmek ýeterlikdir.
ORIENT
