Uber we WeRide kompaniýalary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide doly uçarmansyz taksi boýunça synag taslamany işe girizdi. Hyzmatyň özboluşlylygy — ulaglarda hatda howpsuzlygy gözegçilikde saklaýan sürüji ýok. Bu ýagdaý awtonom ýolagçy daşaýyşynyň ösüşinde täze ädim hasaplanýar.
2024-nji ýylyň dekabryndan bäri taýýarlanan hyzmat häzirki wagtda diňe Abu-Dabiniň meşhur syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Ýas adasynda, takmynan 12 inedördül mil meýdanda elýeterlidir. Kompaniýalar indiki bäş ýylyň dowamynda hyzmaty dünýäniň 15 sany megapolisine, şol sanda birnäçe Ýewropa şäherlerine giňeltmegi meýilleşdirýär.
Ýörite gatnawlarda Geely kompaniýasynyň Farizon SuperVan modeliniň esasynda ýasalyp, WeRide GXR atly awtoulaglary ulanylýar. Her ulag daşyndan we içinden 20-den gowrak datçik we kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.
Hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjylar:
• UberX ýa-da Uber Comfort nyrhnamalary boýunça awtoulag sargyt etmeli.
• Ulag gözleginden öň "Awtonom" diýen opsiýany işjeňleşdirmek.
Hyzmat işe girizilendigine garamazdan, uçarmansyz ulaglaryň sany häzirlikçe çäkli. Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Abu-Dabide hyzmatyň giňeldilmegine hem-de beýleki halkara bazarlarynda meňzeş mümkinçilikleriň açylmagyna ýol açar.
ORIENT
