Giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň dowamynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ulag-logistika hyzmatdaşlygy ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, senagat hyzmatdaşlygy, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary, bilim we lukmançylyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berýär.
“Biz Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw ruhunda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bilelikdäki tagallalar arkaly biz has ýagty geljege ynamly öňe gitmäge taýýardyrys. Men strategik hyzmatdaşlygymyzyň doganlyk halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynanýaryn” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Gazagystanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasynda ähli derejelerde işjeň we netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Hökümetleriň arasynda işler alnyp barylýar we pudakara gatnaşyklar pugtalanýar. Biziň ýurtlarymyz köptaraply düzümleriň çäklerinde hem netijeli özara hyzmatdaşlyk edýärler. Astana bilen Aşgabadyň köp sanly sebitleýin we halkara meseleleri boýunça ýagdaýy ösdürmekde umumy garaýyşlary we meňzeş çemeleşmeleri bar.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky bäş ýylyň dowamynda özara söwda dört esseden gowrak artyp, ýarym milliard dollardan geçdi.
Kasym-Žomart Tokaýewiň pikirine görä, Gazagystanda üstünlikli işleýän türkmen maýasynyň gatnaşmagyndaky takmynan 140 kompaniýa ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Gazagystanyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýan maýa goýumlary 120 million dollardan geçdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilen Gazagystanyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlardygyny aýdyp, biziň ýurtlarymyzy umumy taryhy kökler, medeni gymmatlyklaryň ruhy ýakynlygyň, şeýle hem aýawly saklanýan we nesilden-nesle geçirilýän däp-dessurlaryň we adatlaryň birleşdirýändigini belledi.
Syýasy-diplomatik ulgamda Türkmenistan we Gazagystan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika durnuklylygyny berkitmek, ulag gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça konstruktiw hyzmatdaşlyk edýärler.
Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňelýändigi hem bellenildi, munuň mysaly hökmünde Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem iki halkyň ruhy we medeni mirasyna uly goşant goşan ajaýyp şahslaryň ýadygärlikleriniň açylyşy görkezildi.
Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypa açjakdygyny hem-de dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi berjekdigini nygtady.
