Wezipe üýtgemeleriniň dowam edýän döwründe Intel kompaniýasy Sindi Stoddardy uly wise-prezident hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça direktor (IT-direktor) wezipesine belländigini mälim etdi. Stoddard mundan öň dokuz ýylyň dowamynda Adobe kompaniýasynda şol bir wezipede üstünlikli işläp geldi.
Stoddard resmi taýdan şu ýylyň 1-nji dekabrynda wezipä girişer. Bu wezipä belleniş Intel üçin IT ugurynyň strategik ähmiýetini görkezýär. Sebäbi kompaniýa könelişen ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga hem-de AI platforma döredijileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. Baş direktor Lip-Bu Tan Stoddardyň uzak möhletli üstünlik üçin zerur liderlik ukyplaryna eýedigini belläp geçdi.
Täze IT-direktory bu ugurda 25 ýyldan gowrak tejribä eýe. Adobe kompaniýasynda ol IT ulgamyny we bulut çözgütlerini dolandyrýardy. Şeýle hem Stoddard NetApp, Safeway we beýleki iri kompaniýalarda ýolbaşçylyk edip, işewürlik-prosesleriň we logistika ulgamynyň optimizasiýasy bilen meşgullanýardy.
Intel kompaniýasynda Stoddard emeli aň tarapyndan dolandyrylýan sanly özgertmäni dowam etdirmeli, könelen IT ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaly we kompaniýanyň içinde çözgütleriň kabul edilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik döretmeli bolar. Şonuň üçin onuň bulut çözgütleri we logistika boýunça baý tejribesi Intel-iň uzak möhletli operasion binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
ORIENT
