Sebitiň strategik ähmiýetiniň artýan döwründe, 18-19-njy noýabrda Eýranyň Gilan welaýatynyň Reşt şäherinde “Hazar deňzi – dostluk we sebitleýin ösüşiň köprüsi” atly şygary astynda Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji halkara duşuşygy geçirildi.
Gilan welaýatynyň saýlanmagy tötänleýin däl: bu sebit Eýrany Hazarýaka ýurtlary, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa bilen baglanyşdyrýan ulag zynjyrynyň möhüm halkasy bolup, köpugurly ulag gatnawlarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýär.
Foruma Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle hem Eýranyň ministrlikleriniň, edaralarynyň we portlarynyň wekilleri gatnaşdylar. EYR-niň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi gatnaşyjylary gutlady. Ol Eýranyň Hazarýaka sebitindäki goňşulary bilen gatnaşyklaryny esasy ileri tutulýan ugur hasaplaýandygyny nygtady we Eýranyň sebitlerine goňşulary bilen halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýän “welaýat diplomatiýasynyň” işe girizilýändigini mälim etdi.

Abbas Aragçi bu maslahatyň gymmatly tejribe berjekdigini we Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň forumynyň yzygiderli çärä öwrüljekdigini, onuň Hazar bäşliginiň agza ýurtlarynda gezekli-gezegine geçiriljekdigini belledi. Bu bolsa täze hyzmatdaşlyk formatynyň uzak möhletli häsiýetini nygtaýar.
Mundan başga-da, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda Ministr Seýed Abbas Aragçi Eýranyň Prezidentiniň geljekki saparlary barada habar berdi: “Men onuň indiki aýyň dowamynda Gazagystana we Türkmenistana sapar bilen barar diýip pikir etýärin”. Bu syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär we Hazarýaka sebitindäki hyzmatdaşlary bilen göni dialogyň möhümdigini tassyklaýar.

Bilelikde ileri tutulýan ugurlar: ekologiýa we üstaşyr
Forum Hazarýaka ýurtlarynyň kenarýaka sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady, medeni, syýahatçylyk we ekologiýa gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen guraldy. Umumy mejlis we üç sany ýöriteleşdirilen bölümçeler ykdysadyýet we maýa goýumlary, üstaşyr gatnawy we logistika, şeýle hem daşky gurşaw we balykçylyk meselelerine bagyşlandy.
Gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň möhümdigini nygtaýan bilelikdäki beýannamany kabul etdiler; daşky gurşawy goramagyň, şol sanda deňziň hapalanmagyna garşy göreşmegiň, biodürlüligi gorap saklamagyň we suwyň derejesiniň peselmeginiň sebäplerini derňemegiň möhümdigini nygtadylar.
Esasy tema Hazar deňzindäki portlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek we “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň sütüni hökmünde Reşt-Astara demir ýoly taslamasynyň milli ileri tutulýan ugurlaryna üns bermek boldy.

Ikitaraplaýyn dialog: Gilan we Balkan welaýaty
Sammitiň çäginde Gilan welaýatynyň häkimi Hadi Haghşenas bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň arasynda arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Sebitiň ýolbaşçylary ykdysadyýet, energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Gilan welaýatynyň häkimi nebit we dizel ýangyjy ýaly energetika pudagynda alyş-çalşygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi we Reştden Aşgabada baglanyşykly sebitleýin ugurlarda howa gatnawlaryny ýola goýmagy we pugtalandyrmagy teklip etdi. Mundan başga-da, ykdysady alyş-çalşygy ýeňilleşdirmek üçin Anzali erkin ykdysady zolagynda Hazar bankynyň şahamçasyny açmak teklibi öňe sürüldi.

Balkan welaýatynyň häkimi duşuşyga ýokary baha berdi we serhetýaka sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini aýtdy. Ol iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni ýakynlygyň has berk gatnaşyklaryň ýoluny açýandygyny we bar bolan mümkinçilikleriň söwda, energetika, ulag we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki we anyk taslamalary öwrülmelidigini nygtady.
ORIENT
