«Google» «Play Market» dükanyndaky 2025-nji ýylyň iň gowy programmalarynyň we oýunlarynyň täzelenen sanawyny mälim etdi. «Ýylyň iň gowy programmasy» hökmünde öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin höweslendirme ulgamyna esaslanýan ünsi jemleýji wagt hasaplaýjysy «Focus Friend» saýlandy.
«Ýylyň iň gowy oýny» hökmünde bolsa meşhur oýnuň sanly görnüşi bolan «Pokémon TCG Pocket» yglan edildi. Köpsahypaly (kross-platforma) çözgütleriň arasynda «Google» surat redaktory «Luminar» programmasy öňdeligi eýeledi. «Iň gowy kross-platforma oýny» hökmünde hem «Disney Speedstorm» atly oýun saýlandy.
Şeýle hem dürli ugurda iň gowy oýunlaryň sanawyna «Dunk City Dynasty», «Candy Crush Solitaire», «Chants of Sennaar», «Disco Elysium», «Wuthering Waves» we «Dredge» ýaly oýunlar girizildi. Kompýuter üçin «Iň gowy oýun» diýen ada «Odin: Valhalla Rising» mynasyp boldy.
ORIENT
