13-nji noýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar geçirildi. Çäre Blue Peace Central Asia (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde, Halkara suw serişdelerini dolandyryş instituty (IWMI) hem-de Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk gullugynyň (SDC) goldawy bilen guraldy. Seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Jumamyrat Öwezmyradow gatnaşdy.
Seminaryň esasy maksady – tutuş sebit boýunça suw gün tertibiniň orta we uzak möhletli ähmiýetli meselelerini kesgitlemekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň we innowasion çözgütleriň maliýeleşdiriliş mümkinçilikleriniň seljerilmegine üns berdiler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi:
• Suw diplomatiýasy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy we utgaşykly hereketleri ösdürmek.
• Serhetüsti dolandyryş: Kiçi serhetüsti derýalarynyň bilelikde dolandyrylmagy.
• Mümkinçilikleri berkitmek: Suw serişdeleri we howa bilen baglanyşykly başlangyçlary boýunça hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak.
Seminaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşykly hereketlere ýardam berýän möhüm ädim boldy. Kesgitlenen esasy ugurlar sebitiň suw serişdelerinden durnukly peýdalanmagyna hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşma derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.
ORIENT
