Time neşiriniň çaklamasy: Emeli aň 37% mümkinçilik bilen «Ýylyň Adamy» bolup biler

Polymarket bukmeker agentliginiň geçiren synyna görä, Emeli aň (EA) Amerikanyň Time žurnalynyň «Ýylyň Adamy» adyna iň mynasyp dalaşgär bolup durýar. Bu at bir ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetine iň uly täsir eden adama ýa-da hadysanyň eýesine berilýär. Şu günki güne çenli EA-niň mümkinçilikleri 37% diýip hasaplanylýar.
EA-niň ýokary görkezijisi onuň jemgyýetiň ähli ugurlaryna edýän täsiriniň barha artýandygyny görkezýär. Mundan daşary, esasy dalaşgärleriň arasynda tehnologiýa, din we syýasat dünýäsinden birnäçe meşhur şahsyýet hem bar:
• Emeli aň (EA): 37% — tehnologiki hadysa, esasy dalaşgär.
• Jensen Huang: 16% — öňdebaryjy mikroçip üpjün edijisi Nvidia kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory.
• Rim Papasy Lew XIV: 15% — dini lider.
• Sem Altman: 8% — OpenAI kompaniýasynyň baş direktory.
• Donald Tramp: 6% — geçen ýylda «Ýylyň Adamy» adyna eýe bolan syýasatçy.
Time žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýyl «Ýylyň Adamyny» saýlap gelýär. Köplenç ýeňiji belli bir adam bolýar, ýöne žurnal kämahal dünýä täsiri örän uly bolan ýagdaýynda abstrakt hadysalary ýa-da toparlary hem saýlapdy (mysal üçin, 2006-njy ýylda «Siz», 2014-nji ýylda «Ebola garşy göreşçileri»).
EA-niň meşhurlygynyň artmagy, raýatlaryň köpüsiniň gündelik we maşgala meselelerinde oňa ynam bildirmegi bilen hem tassyklanylýar. Bu bolsa häzirki jemgyýetde onuň esasy täsir edýän güýçleriň biridigini görkezýär.
ORIENT
