2025-nji ýylyň 8–14-nji noýabry aralygynda Hytaýda iň uly diplomatik duşuşyklary, harby gurluşykdaky möhüm ädimleri we strategiki ykdysady çözgütleri öz içine alan baý wakalar bolup geçdi.
1. Ispaniýa Patyşasynyň taryhy sapary
12-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI bilen duşuşdy. Bu, 18 ýylyň dowamynda ilkinji gezek ispan patyşasynyň Hytaýa döwlet sapary boldy. Taraplar 20 ýyl bäri dowam edýän ähli taraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, iki tarapyň maýa goýumlaryny giňeltmek we Latyn Amerikasy ýaly üçünji ýurtlaryň bazarlaryny bilelikde öwrenmek boýunça ylalaşyk gazandylar.
2. Taýland Patyşasynyň taryhy döwlet sapary
14-nji noýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Taýland Patyşasy Maha Waçiralongkorny mähirli garşylady. Taýland patyşasy, diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan bäri Hytaýa ilkinji gezek döwlet saparyny amala aşyrýan patyşa boldy. Liderler “Jin Tai Phi Nong Gan” (Hytaý we Taýland — bir maşgala ýaly ýakyn) ýörelgesine esaslanyp, hytaý-taýland dostluğynyň 50 ýyllygyny belleýärler.
3. Goranmak ulgamynyň ösüşi: “Fuszýan” uçar göteriji gämisiniň ulanyşa girizilmegi
7-nji noýabrda “Fuszýan” (18-nji bort belgili) atly uçar göteriji gämisi resmi ýagdaýda ulanyşa girizildi. Bu — doly suwy siňdiriş ukyby 80 müň tonna bolan we elektromagnit katapulta ulgamy (EMALS) bilen enjamlaşdyrylan Hytaýyň ilkinji uçar göteriji gämisidir. Palubada uçarlaryň üstünlikli uçurylmagy we gondurylmagy gäminiň möhüm aýratynlyklaryny tassyklady. “Fuszýanyň” ulanyşa girizilmegi Hytaýnyň üç uçar göteriji döwüriniň başlanandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem, HHR-iň harby gurluşyk ulgamynda möhüm üstünlik bolup durýar.
4. Ileri tutulýan ykdysady ugurlar we XV Milli oýunlar
Si Szinpin 6–9-njy noýabr aralygynda Haýnan we Guandun welaýatlaryna baran iş saparynyň dowamynda iki esasy ugra üns berdi:
Ykdysadyýet: Haýnan Erkin Söwda Portuny ýokary standartlar boýunça gurmagyň ähmiýetini belläp, Guandun–Gonkong–Makao Uly aýlag sebitiniň ösüşi üçin özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyny talap etdi.
Sport: 9-njy noýabrda Si Szinpin Hytaýyň XV Milli oýunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Bu iri köpugurly sport çäreleri ilkinji gezek bir wagtyň özünde Guandun welaýaty, Gonkong we Makao ýörite dolandyryş etraplary bilen bilelikde geçirilýär.
5. Diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
Hepdäniň dowamynda Hytaý birnäçe döwlet bilen diolimatik gatnaşygyny güýçlendirdi:
ABŞ: Wise-premýer He Lifen ABŞ wekiller palatasynyň komitetiniň hasabatyna garamazdan, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösmeginiň zerurdygyny nygtady.
Norwegiýa: Norwegiýanyň daşary işler ministri Espen Bart Eýde bilen söwda, “ýaşyl” ykdysadyýet we innowasiýa boýunça konstruktiw gepleşikler geçirildi.
Gwineýa: Wise-premýer Lýu Goçžun Simandou demir magdan ýataklarynyň ulanyşa girizilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyp, Hytaý üçin serişde hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.
ORIENT
