Iogann Sebastýan Bahyň sazy - geografiki we wagt çägini bilmeýän, adamzat bilen tükeniksiz gürrüňdeşlikdir. Onuň döredijiligi — Sazyň başlanýan Nurudyr. Bu älem-jahan diliniň zemin hem-de ruhy güýji Aşgabada-da aýratyn güýçli täsir etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy öz wezipesine wepalylygyny saklap, beýik zehiniň 340 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk sahnasynyň gapylaryny ýene-de giňden açdy.
Gysga giriş sözi, ussat kompozitoryň döredijiligine syýahat — we biz ýene bir gezek şuňa göz ýetirýäris: Bah — bu akyldar pikirleriň doga ýaly ýaňlanýan älemi, her notasy ebedi arassa demdir.
Bah — adamzadyň gaýtadan ýüzlenýän belent ýeňşi, onuň sazlarynda öçmejek gözelligiň sesidir. Munuň subutnamasy hökmünde sahnada halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aýbölek Muhiýewanyň ýerine ýetirmeginde 1-nji g-moll sonatanyň iki bölegi ýaňlandy. Adajio diňleýjileri çuňňur ruhy hormata, ybadathana ýaly mukaddeslige alyp gitdi. Fuganyň many-mazmunynda bolsa hyjuw we tertip, hereket we logika — ählisi ajaýyp köp seslilikde utgaşdy.
«Gowy temperirlenen klawir» eseriniň 2-nji tomunyň prelýudiýasy we h-moll fugasy halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aýnur Otuzowanyň çynlakaý we ynandyryjy ýerine ýetirmeginde — uzak ýoldan soň tapylan Nurly soňy açyp görkezýän pikirleniş pursatydyr.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň ýumşak, nepis sesinde «Magnificat» ariýasy ýüzleri ýokaryk gönükdiren ýagty nur ýaly ýaňlandy. Soňra iki ses — Bahar Durdiýewa bilen Leýli Okdirowanyň №78 kantatasyndaky dueti — söýgi, umyt we ynam bilen öňe gönükdirilen iki ýürek ýaly utgaşdy.
Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Döwran Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde trombon üçin «Ariozo» belent we ruhy güýje ýugrulan adam sesine meňzäp, doga ýaly ýakymly we täsirli ýaňlandy.

Bahar Durdiýewanyň liriki we ýumşak sesi «Roždestwo oratoriýasynyň» altynyň ariýasy içki ruhy aramlyk we ýagty baýramçylyk duýgusyny berdi. Elbetde, «Awe Mariýa» aýdymy ähli diňleýjileriň kalbyna ruhy täsiriniň has çuňňur duýulmagyna ýardam etdi.
Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa «Ruh joşgun tapýar» kantatasyndaky ariýany ýürekden ýylgyryp ýerine ýetirip, baýramçylyk dörediji belent şatlyk duýgusyny paýlaşdy. Moma keşbiniň ariýasy bolsa şowhuna ýugrulan degişmeçiligi we şadyýanlygy bilen tapawutlandy.
Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Jeýran Ismailowanyň we döredijilik ýolbaşçysy Tahir Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde d-moll fortepiano konserti duýguly dramatizm bilen ýaňlanyp, täsirli göreş we ýeňiş duýgusyny döretdi.

Konsertiň beýik jemleýji nokady hökmünde iki skripka üçin d-moll konserti ýaňlandy. Solistler — halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri Seýran Atanyýazow we Leýli Salihowa — her owazyň sazlaşyk we bahar ýaly döredijilik güýji bilen bezelendigini görkezýän ussatlykly dialog alyp bardylar.

Bu täsin jemleýji çykyş diňe bir konserti tamamlaman, eýsem konserwatoriýanyň beýik işi — belent saz sungatynyň mukaddes ojagy bolmak wezipesini hem subut etdi. Bu ajaýyp baýramçylyk sahnasynyň döredijilik toparyna we esasan-da onuň ylham çeşmesi bolan dosent Stella Faramazowa çuňňur minnetdarlyk beýan edilýär. Onuň döredijilik hyjuwy we Bahyň saz sungatyna bolan çäksiz söýgüsi diňleýjilere ruhy taýdan Ebedilik bilen baglanyşyk tapmaga mümkinçilik berdi.

Ajaýyp, gyzykly maksatnama, ussat ýerine ýetirijiler we iň möhüm zat — Bahyň sazyny duýup bilýän minnetdar diňleýjiler! Sebäbi onuň sazynda tutuş älem filosiýasy bar: akylly, emma düşnükli; kämil, emma janly; berk, emma mähirli; ebedi, emma hemişe täzeden dogulýan! Bahyň saz sungaty — adamzat bilen ebedi söhbetdeşlikdir; her notasy adama ýaradan tarapyndan açylan hakykat ýaly ýaňlanýan mukaddeslikdir!
Swetlana KIM
