Samsung Galaxy S26+ flagmany barada ilkinji maglumatlar peýda boldy. Edge görnüşiniň inçe wersiýasynyň çykaryljakdygy baradaky gürrüňlere garamazdan, kompaniýa S26 seriýasynyň klassiki gurluşyny dowam etdirýär. OnLeaks tarapyndan neşir edilen rendere (kompýuter şekilleri) görä, enjamyň dizaýny we birnäçe esasy aýratynlygy 2026-njy ýylyň fewralynda görkezilmegine garaşylýan prezentasiýadan öň mälim boldy.
Samsung Galaxy S26+ öňki modelleriň öwüşginini saklap, tekiz gapdal çarçuwalary bilen çykýar. Esasy kamera dik ýerleşdirilen üç sany datçigi öz içine alýar.
Deslapky tehniki aýratynlyklar:
• Ekran: Ýokary hilli 6,7 dýuým AMOLED 2X displeý.
• Prosessor: Sebite baglylykda — enjam Qualcomm Snapdragon 8 Elite Gen 5 ýa-da Samsung Exynos 2600 çip bilen enjamlaşdyrylar.
• Öýjükli ýat: 12 GB ýa-da 16 GB operatiw ýat mümkinçilikleri.
• Batareýa we zarýad: Batareýanyň göwrümi 4900 mA·s. Enjam 45 W tizlikdäki simli zarýady hem-de döwrebap Qi2 magnit ýokarky (wireless) zarýadyny goldaýar.
Smartfonyň beýleki mümkinçilikleri:
• Suw we tozan goragy — IP68 derejesi.
• Ekranyň aşagynda ýerleşýän ultrases barmak yzy skaner.
• Wi-Fi 7 we Bluetooth 6.0 ýaly häzirki zaman simsiz tehnologiýalarynyň goldawy.
• One UI 8.5 interfeýsi bilen Android 16 operasion ulgamy.
ORIENT
