Germaniýada akkumulýator batareýalaryna esaslanýan Ýewropanyň iň iri energiýa saklaýyş ulgamynyň (BESS) gurluşygyna taýýarlyk başlandy. GigaBattery Jänschwalde 1000 ady berlen bu taslama 1 GW kuwwat we 4 GWs sygym bilen tapawutlanýar. Taslama Ýenşwalde şäherçesinde LEAG Clean Power GmbH we Fluence Energy kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Gurluşyk tamamlanandan soň, GigaBattery Germaniýanyň energiýa ulgamyny durnuklaşdyrmakda möhüm orun eýelär. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýanyň (gün we ýel) üýtgeýän öndürilişini netijeli deňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Bu desganyň gurulmagy LEAG kompaniýasynyň giň gerimli GigawattFactory taslamasynyň bir bölegi bolup, ol aşakdaky pes uglerodly aktiwleri özünde jemleýär:
• Gün we ýel elektrik stansiýalary.
• BESS ulgamlary (GigaBattery ýaly).
• “Ýaşyl” wodorod öndürmek.
Ulgamda Fluence kompaniýasynyň Smartstack tehnologiýasy ulanylar — bu iri göwrümli energiýa saklamak üçin blok görnüşindäki innowasion çözgüt bolup, her bir blokda 7,5 MWs çenli sygymy üpjün edýär. Smartstack iki bölekden ybarat bolup, ýerinde ýygnalýar. Bu bolsa adaty konteýnerlerden has uly ölçegine garamazdan, ýokary sygymy saklap, logistika prosesini ep-esli ýeňilleşdirýär.
ORIENT
