Google Photos programmasynda giň gerimli täzelenmäniň bolandygyny habar berdi. Bu täzeleme emeli aň mümkinçiliklerini has köp ulanyja elýeterli edýär. Esasy üýtgeşmeler iPhone ulanyjylary üçin dialog arkaly redaktirleme funksiýasynyň goşulmagyny hem-de güýçli Nano Banana atly AI modeliniň integrasiýasyny öz içine alýar. Bu ädimler suratlary redaktirlemek we gözlemek işini tekst ýa-da ses buýruklary arkaly has amatly derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Mundan ozal, “Redaktirlemäge kömek” (Help Me Edit) atly funksiýa diňe Pixel we Android enjamlarynda elýeterli bolup, ulanyjylara islenýän üýtgetmeleri ses arkaly ýa-da tekst hökmünde beýan etmäge mümkinçilik berýärdi. Indi ol ABŞ-nyň iOS ulanyjylary üçin hem elýeterli boldy.
Elýeterli bolan esasy AI mümkinçilikleri:
• Dialog arkaly redaktirleme: Ulanyjylar diňe isleglerini beýan edýär – Google Photos bolsa şol üýtgetmeleri ýerine ýetirýär (meselem, «Asmany has gök et» ýa-da «Obýekti saga geçir»).
• Nano Banana modeli: Bu AI modeliniň integrasiýasy ulanyjylara suratlary şekile, mozaika görnüşine ýa-da illýustrasiýa öwürmek ýaly döredijilik mümkinçiliklerini berýär.
• “Soramak” düwmesi: Android we iOS ulanyjylary üçin täze düwme peýda bolup, chat-bot görnüşindäki interfeýsi işe girizip, suratlary redaktirlemäge hem-de olaryň mazmuny barada jogap almaga mümkinçilik berýär.
• Taýýar nusgalar (Android): Meşhur AI buýrugyny tiz ulanmak üçin mümkinçilik berýär, meselem “ýokary moda stilinde fotosessiýa” döretmek.
Mundan başga-da Google “Ask Photos” (Photos-dan sora) hyzmatynyň elýeterçiligi giňeltdi. Bu hyzmat galereýanyň içinde zerur suratlary tapmagy ýeňilleşdirýär. Indi ol 100-den gowrak täze döwlete elýeterli bolar we 17 täze dili goldar.
Täzelenme Reimagine (teswir arkaly obýektleri we fonlary üýtgetmek) hem-de Auto Frame (awtomatiki kadrlama we boş ýerleri doldurmak) ýaly generatiw AI mümkinçiliklerini hem öz içine alýar.
ORIENT
