«Microsoft» we «Nvidia» kompaniýalary bilelikde emeli aň üçin tehnologiýalar bilen meşgullanýan «Anthropic» startapyna 15 milliard amerikan dollaryna çenli maýa goýmak kararyna geldiler.
Şeýle hem «Anthropic» «Microsoft Azure» bulut hyzmatyndan hasaplaýyş serişdelerini satyn almakçy, onuň bahasy, takmynan, 30 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Iki kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde «Microsoft» «Anthropic» startapynyň EA modellerini ulanar. «Anthropic» bolsa «Microsoftyň» infrastrukturasyndan peýdalanar. Bu barada «Microsoftyň» baş direktory Satýa Nadella aýtdy.
«Anthropic» 2021-nji ýylda ozal «OpenAI» emeli aň ulgamynda işlän hünärmenler tarapyndan döredildi. Soňky geçirilen maýa goýum tapgyrynda 183 milliard amerikan dollaryna bahalandyryldy. Startap hasaplaýyş kuwwatlaryny giňeltmek boýunça iş alyp barýar we ABŞ-nyň dürli ştatlarynda maglumat merkezlerini gurmak üçin, takmynan, 50 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Oktýabr aýynda «Anthropic» «Google» bilen hem ylalaşyk baglaşdy. Oňa laýyklykda, startap onlarça milliard dollar bahasy bolan 1 million sany ýöriteleşdirilen EA çipini satyn alar.
ORIENT
