Oktýabr aýynda «Apple» kompaniýasynyň Hytaýdaky satyşlary düýpli ýokarlanyp, «iPhone 17» seriýasyna degişli smartfonlara bolan ýokary isleg netijesinde brendiň bazar paýy 25%-e ýetdi. «Counterpoint» saýtynyň seljermelerine görä, bu kompaniýanyň soňky iki ýyldaky iň gowy netijesi boldy.
Täze seriýanyň meşhurlygy noýabr aýynda hem satyşlaryň artmagyna itergi berdi, bu bolsa «Apple-iň» hytaý bazarynda dördünji çärýegi iň üstünlikli ýagdaýda jemlemegine şert döredip biler.
Umuman, ýurduň dükanlarynda smartfon satyşlary 8% ýokarlandy. Başga öndürijileriň arasynda aýratyn tapawutlanan «Xiaomi» boldy, ol bazaryň 17% eýeledi. Ýeri gelende bellesek, bu kompaniýa soňky on ýyldan gowrak wagtdan bäri birinji gezek şeýle görkezija ýetmegi başardy. Oktýabrda «Vivonyň» satyşlary 14%, «Opponyňky» bolsa 19% artdy. Tersine «Huawei-niň» satyşlary 19% azaldy, «Honor» smartfonlarynyň söwdasy bolsa 1% pese gaçdy.
ORIENT
