Innowasiýalara uly serişdeleri gönükdirýän döwletler tehnologik ösüşde öňdäki hatarda durýar. «Interesting Engineering» neşiri 2025-nji ýylda taýýarlanan seljermä esaslanyp, dünýäniň iň «akylly» şäherleriniň sanawyny hödürledi. Reýting Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Global innowasiýalar indeksine esaslanýar. Barlaglar 100 sany iri innowasiýa merkezini öz içine almak bilen, dünýäde hasaba alnan ähli patentleriň we wençur maýa goýumlarynyň 70 göteriminden gowragynyň şu sebitlerde toplanandygyny görkezýär.
Sanawyň ilkinji üçlüginde degişli yzygiderlilikde Sýurih (Şweýsariýa) Oslo (Norwegiýa) we Ženewa (Şweýsariýa) şäherleriniň ady bar. Sýurih 2018-nji ýylda işe girizilen «Smart City Zürich» strategiýasynyň çäklerinde transport hem-de energiýa ulgamlarynyň dolandyrylyşynda sanly ekologiýany üstünlikli durmuşa geçirýär. Oslo bolsa «Ýewropanyň «ýaşyl» paýtagty» derejesi bilen döwrebap ekologik ugurlary ösdürýär. Ženewa hem, öz gezeginde, AAA derejesini alyp, sanly infrastrukturany ösdürmekde öňdeligi dowam etdirýär.
Ilkinji bäşligi BAE-niň iki şäheri — Dubaý we Abu Dabi jemleýär. Dubaý 12-nji orundan 4-nji orna çykyp, emeli aň esasynda dolandyrylýan «akylly» şäher strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýär. Abu Dabi bolsa 2024-nji ýylda işe girizilen «Zayed Smart City» taslamasy arkaly uglerod bitaraplygyna ýetmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.
ORIENT
