Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Ata-eneler çaga terbiýesi babatda emeli aňa has köp sala salýarlar

18.11.2025|13:50|
2366
ata-eneler-caga-terbiyesi-babatda-emeli-ana-has-kop-sala-salyarlar
Surat çeşmesi: SMI24.kz

Ata-eneler çaga terbiýesine dahylly meselelerde emeli aňdan maslahat soramagy gitdigiçe ýygjamlaşdyrýarlar. Bu barada 2024-nji ýylda geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, «Futurism» portaly habar berýär.

Köp sanly ene-atalar emeli aň esasynda işleýän çat-botlardan diňe çaganyň häsiýeti ýa-da saglygy boýunça maslahat almak üçin däl, eýsem, güýmenje serişdesi hökmünde hem peýdalanýarlar. Hatda «ChatGPT-den» çagalara erteki aýdyp bermegi haýyş edýänler hem köp.

2023-nji ýylyň maglumatlaryna görä, mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň, takmynan, 30 göterimi eýýäm «ChatGPT-den» peýdalanyp başlapdyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şeýle ulanyjylaryň sany gitdigiçe artýar.

Pediatrlar emeli aňyň özüne mahsus kemçilikleri bilen bagly töwekgelçilikler barada duýduryş berýärler. Şeýle çat-botlar çagany öz täsirine düşürip ýa-da nädogry maglumatlary ýaýradyp bilerler.

Hünärmenler emeli aň bilen işleşilýän mahaly çagalaryň şahsy maglumatlaryny ýa-da saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary bermezligi berk sargaýarlar. Sebäbi şeýle maglumatlaryň ýaýrap gitmek howpy bar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal geçirilen barlaglar adamlaryň lukmanlaryň maslahatlaryna garanyňda, emeli aňyň lukmançylyk boýunça berýän maslahatlaryna has köp ynanýandygyny görkezdi.

ORIENT

Ata-eneler çaga terbiýesi babatda emeli aňa has köp sala salýarlar