Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Daşkentde Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda «Geljegiň mirasy» («Kelajak merosi») atly halkara baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýrak 2025-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan esaslandyryldy.
Birinji bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow hem bar. Ol «Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty» ugry boýunça baýragyň ýeňijisi boldy.
Baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlarda uly üstünlik gazanan döredijilik intelligensiýasynyň wekillerini höweslendirmäge, şeýle hem milli ruhy mirasy wagyz-etmäge gönükdirilendir.

ORIENT
