1945-nji ýylyň 25-nji oktýabry hytaý halkynyň umumy taryhy hakydasyna ebedilik ýazylan senedir. Şol gün Taýwan azat edilip, Watan gujagyna dolandy. Taýwanyň azat edilmeginiň 80 ýyllygyna gabatlap, Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň Hemişelik komiteti şol senäni resmi ýagdaýda «Taýwanyň azat edilmeginiň hatyra güni» diýip bellemek hakynda karar kabul etdi. Bu çözgüt, ýurduň ähli halklarynyň, şol sanda Taýwandaky we daşary ýurtlardaky watandaşlaryň umumy islegini beýan edýär, Hytaý Kommunistik partiýasynyň taryhy wezipäni yzygiderli amala aşyrmak hem-de Watanyň doly birleşdirmek boýunça sarsmaz erkini görkezýär, dünýäde diňe bir Hytaýyň bardygy hem-de Taýwanyň onuň aýrylmaz bölegidigine degişli halkara ylalaşygyny berkitýär.
1945-nji ýylda hytaý halky 14 ýyl dowam eden ganly söweşde egsilmez gaýrat görkezmek bilen Hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy Göreş urşunda hem-de bütindünýä faşizme garşy uruşda beýik ýeňiş gazandy. 1945-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Taýbeý şäherinde Täze Hytaý teatr sebitindäki SSSR-iň hyzmatdaş goşunlarynyň adyndan Taýwandaky ýapon goşunlarynyň boýun egdirilmegi dabarasy geçirildi. Şol pursatdan başlap Taýwan adasy we Pensu arhipelagy Hytaýyň döwlet hukugy astyna dolandy. Taýwanyň azat edilmegi Hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy alyp baran göreşiniň möhüm netijesi bolup, Hytaý döwletiniň Taýwan üstündäki döwlet özygtyýarlylygynyň dikeldilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Taýwan hemişe Hytaýyň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir we şeýle bolup hem galýar. Bu taryhy we hukuk taýdan sarsmaz hakykatdyr. 1943-nji ýylda Hytaý, ABŞ we Beýik Britaniýa tarapyndan gol çekilen Kair Jarnamasynda, Ýaponiýanyň hytaý halkyndan bikanun alan ähli çäkleriniň, şol sanda Taýwan we Pensu arhipelagynyň Hytaýa dolanyp berilmelidigi aýdyň görkezilýär. 1945-nji ýylyň 26-njy iýulynda Hytaý, ABŞ we Beýik Britaniýa tarapyndan gol çekilen Potsdam Jarnamasynyň (soňra Sowet Soýuzy hem goşuldy) şertlerinde Kair Jarnamasynyň düzgünleriniň hökmany ýerine ýetirilmeli diýlip ýene-de tassyklanyldy. Şol ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa şertsiz boýun egmek baradaky Karara gol çekip, Potsdam Jarnamasynyň ähli şertlerini berjaý etmegi öz üstüne aldy. 25-nji oktýabrda bolsa Hytaý hökümeti resmi ýagdaýda Taýwan üstündäki döwlet özygtyýarlylygynyň dikeldilendigini yglan etdi.
Kolonial agalykdan azat bolan taýwanlylar Watan gujagyna dolanmagy uly buýsanç bilen belleýärdiler.
BMG Baş Assambleýasynyň №2758 belgili Kararnamasy halkara jemgyýetçiliginiň «bir Hytaý» ýörelgesine sarsmaz ygrarlylygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu Kararnamada «bir Hytaý» ýörelgesiniň uruşdan soňky halkara tertip-düzgüni we BMG-niň abraýy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýratyn nygtalýar. Onuň tekstiniň başynda şeýle diýilýär: «BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgelerini ýatlap, Hytaý Halk Respublikasynyň kanuny hukuklaryny dikeltmek Düzgünnamanyň maksatlaryny we ýörelgelerini saklamak hem-de BMG-niň onuň esasynda netijeli işlemegi üçin zerurdyr».
Hytaý we Türkmenistan köptaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde iki tarapyň esasy bähbitlerine degişli meselelerde biri-birini hemişe goldaýarlar. Türkmenistanyň «bir Hytaý» ýörelgesine berk we yzygiderli eýerýändigi bellidir. Taýwanyň azat edilmeginiň hatyra gününiň döredilmegi halkara jemgyýetçiliginiň Taýwan meselesiniň gelip çykyşyna we mazmunyna has çuňňur düşünmegine, şeýle hem «bir Hytaý» ýörelgesiniň berk goldawyny pugtalandyrmak hem-de Hytaý döwletiniň döwlet özygtyýarlylygynyň we çäk bitewiligini goramak ugrunda edýän tagallalaryna berilýän goldawy berkitmäge ýardam eder.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin
