Hytaý: Parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hereketlendiriji güýji | HHR-iň Türkmenistandaky Ilçisi Szi Şuminiň makalasy
01.10.2025 | 08:40 |Şu gün, 1-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasy esasy milli baýramçylygy – HHR-iň Milli gününi belleýär. Bu sene, ýurduň ykdysady ösüşdäki haýran galdyryjy üstünliklerini we döwrebaplaşdyryş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini alamatlandyrýar. Bu möhüm sene mynasybetli redaksiýa HHR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň makalasyny çap etmekgi özüne merbete saýýar.
Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasy özüniň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubleýini belleýär, ýöne bu ýubileý ýyly asudalykdan uzakdygyny görkezdi: BMG-niň orny we ähmiýeti barada dürli şübheler we garşy pikiler eşidilýär. Şol bir wagtyň özünde, halkara gatnaşyklary ulgamynda BMG-niň merkezi ornuny berk goldaýan güýçleriň halkara jemgyýetçiliginde öňdebaryjy ýagdaýda galýandygyny bellemek gerek. Hytaý şeýle güýçleriň arasynda iň çynlakaý we tutanýerli ýurtlaryň biridir we şu ýyl hem özüniň 76 ýyllygyny belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini üýtgewsiz goldap hem-de berk berjaý edip, Hytaý öz ösüşinde çalt we uly öňegidişlige ýetmegi başardy.
Hytaýyň umumy milli kuwwaty taryhy ädimi ätdi. Ozal garyp oba hojalyk ýurdudygy bilen tanalan Hytaý, häzirki wagtda dünýäde ykdysady taýdan ikinji orny eýeleýän, iň iri önümçilik merkezi, haryt söwdasynda öňdebaryjy ýurt we iň uly walýuta ätiýaçlyklaryna eýe döwlet derejesine ýetdi. Biz dünýäde iň iri saglygy goraýyş, bilim we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny döretdik, şeýle hem iň uly we has çalt ösýän orta girdejili ilatyň toparyny emele getirdik.
Hytaý tutanýerlik bilen ýokary hilli ösüşe üns berýär we innowasiýany ösüşiň esasy hereketlendirijisi hökmünde kabul edýär. Soňky ýyllarda Hytaý, innowasiýalaryň umumy döwrebaplaşdyryş strategiýasynda innowasiýalaryň öňdebaryjy ornuny berk tassyklady we birnäçe möhüm ylmy-tehniki üstünlikleri şol sanda awiasiýa, kosmos, ýokary tizlikli otly, awtoulag senagaty, arassa energiýa, kwant aragatnaşygy, emeli aň we robototehnika ýaly ugurlarda uly ähmiýetli ösüşleri gazandy. Hytaýyň dünýä ykdysady ösüşine goşýan goşanty durnukly 30%-e golaýdyr.
Hytaý yzygiderli ýokary derejeli daşary açyklygy öňe sürýär. Biz daşary ýurt maýa goýumlarynyň senagat ulgama girmäge boýunça çäklendirmeleri doly ýatyrdyk, hyzmatlar bazaryna girmek üçin päsgelçilikleri peseltdik we Ählitaraplaýyn sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (RCEP) maksatnamasyny ýokary derejede amala aşyrýarys. Hytaý, 150-den gowrak ýurtlar we 30-dan gowrak halkara guramalar bilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyçynyň bilelikde gurulmagyna degişli resminamalara gol çekip, 83 sany ýurt we sebitler üçin iň uly söwda hyzmatdaşyna öwrüldi.
Hytaýyň ajaýyp üstünlikleriniň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň güýçli ýolbaşçylygynda gazanylandygyny aýratyn bellemek gerek. Kommunistik partiýasyz täze Hytaý bolmazdy. Kommunistik partiýa bolmasa, häzirki wagtda ýurdumyzyň buýsanýan uly üstünlikleri mümkin bolmazdy. Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda Hytaýyň köpmilletli halky birleşip, köp sanly kynçylyklary ýeňip geçip, iki sany uly gudrady gazandy – “çalt ykdysady ösüş” we “uzak möhletleýin durmuş durnuklylyk”.
Hytaý dünýädäki has uly ösýän ýurtdyr we parahatçylykly ösüş ýoluna berk ygrarlydyr. Başlyk Si Szinpiniň belleýşi ýaly, Hytaýyň hemişe parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin hereketlendiriji güýç bolar. HHR-niň Başlygy, bäş sany ýörelgä esaslanýan Ählumumy dolandyryş başlangyjy öňe sürdi: özygtyýarlylygyň deňligi, halkara hukugynyň hökmürowanlygy, köptaraplaýynlyk, adama gönükdirilen çemeleşme we herekete gönükdirilen çemeleşme. Bu başlangyç, Hytaýyň ählumumy dolandyryşy kämilleşdirmekde paýhasly çemeleşmesini görkezýär.
BMG-niň 80 ýyllygy ýatdan çykmajak bir waka bolup durýar. Hususan-da, BMG häzirki zaman halkara jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan çylşyrymly meselelerini çözmek üçin esasy meýdançany üpjün edýär we esasy ýörelgeleri berkitýär.
Köp sanly ýurtlar, şol sanda Hytaý we Türkmenistan, halkara ulgamynyň merkezi bolan BMG-ny goldamak üçin möhüm tagallalary edýärler we ähmiýetli goşantlary goşýarlar. Geljekde bu iki ýurduň öňünde halkara hyzmatdaşlygy we özara hereketler üçin has giň mümkinçilikler açylar. Munuň özi bolsa diňe bir halkara meseleleriniň köpüsinde garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi bilen çäklenmän, eýsem bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleri açýan syýasy ynamyň ýokary derejesine ýardam berer.
HHR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin