MA-ÝB dialogynyň çäginde türkmen-polýak gatnaşyklary
21.07.2025 | 01:45 |Ýewraziýa yklymy – diňe bir ullakan geografiki çäk däl. Bu – ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlar üçin yzygiderli biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýan strategiki ugurlaryň, dialoglaryň we mümkinçilikleriň giňişligi. Ýöne çalt özgerişler we halkara gatnaşyklarynyň ählumumylaşmagy nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligi aýry-başga däl-de, sebitleriň arasyndaky ýakynlaşma işiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bahalandyrylýar.
Şeýle ölçegler sebäpli kem-kemden ýüze çykýan “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” aýratyn ähmiýete eýe bolup, syýasy we ykdysady gatnaşyklar bu iki iri sebit guramasynyň agza ýurtlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Türkmenistan bilen Polşa, Ýewraziýa giňişliginiň garşylykly taraplarynda ýerleşmegine garamazdan, geosyýasy çylşyrymlylyklary ýeňip geçip, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly iki makro sebitiň kanuny wekilleri hökmünde çykyş edýärler we diňe pragmatiki täsirleşmek üçin däl, eýsem döreýän köp polýarly dünýäde ornuny ýokarlandyrmak üçin hem çalyşýar.
Analitik merkezleriň hyzmatdaşlyga goşandy
Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky strategiki barlag merkezleri sebitdäki syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryny seljermek we çaklamak babatynda möhüm orny eýeleýär.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Gündogary öwreniş merkeziniň (OSW) direktory Woýçeh Kononçukyň ýolbaşçylygyndaky polýak wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherinde boldylar.
Bu merkez 1990-njy ýylda Polşanyň Sowet Soýuzynda we soňra onuň dargamagy bilen ýüze çykan döwletlerde analitik barlaglaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredildi.
Iki onýyllykdan gowrak wagt bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurt hökmünde Polşa Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär (ÝB-niň düzüminiň giňelmegi netijesinde 2004-nji ýylda esasan Gündogar Ýewropadan – Wengriýa, Latwiýa, Litwa, Slowakiýa, Sloweniýa, Çehiýa we Estoniýa, Kipr we Malta ýaly on ýurt girdi).
Ýewrostatistikanyň reýtingine görä, ýurt geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda 6-njy orny eýelemegi, häzirki wagtda Polşanyň ykdysady ösüş derejesini tassyklaýar.
2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategiki barlaglar instituty (GSBI) polşaly wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar sebitdäki çagyryşlary we olaryň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin edýän täsiri, hususan-da Polşa bilen Gazagystanyň, şeýle hem ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
GSBI-iň direktory Erkin Tukumowyň belleýşi ýaly, Gazagystan ÝB bilen tehnologiki we senagaty döwrebaplaşdyrmak, täze önümçilik kuwwatyny hem-de iş ýerlerini döretmek, innowasion ykdysadyýet üçin işgärlere bilim bermek we taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.
Şu ýylyň 19-njy martynda Daşkende Merkezi Aziýanyň Halkara instituty, “Brussels-based ENC” garaşsyz analitik merkezi bilen bilelikde ilkinji ÝB – MA analitik merkezleriniň forumyny gurnady.
Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa birinji sammitine gabat gelen foruma, Polşanyň Ýewropa Bileleşigindäki täsirini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky teklipleri taýýarlamak maksady bilen Polşanyň analitikleri we bilermenleri gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde, “Daşkent meýdançasy” meýdançasy işe girizildi – bilermenler dialogy üçin meýdança, bu ýerde Polşa sammitden öň teklipleriň döredilmegine işjeň gatnaşdy.
Merkezi Aziýa ýurtlary – Polşa ugry boýunça iň soňky çekişmeleriň biri Aşgabatda TDIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň işgärleri bilen düzüminde sebitde gowy tanalýan polýak hünärmeni – Daşary gatnaşyklar boýunça Polşanyň Seýma komitetiniň ýolbaşçysy Pawel Kowal we onuň kömekçisi Kşiştof Kubon, hem-de olaryň ýany bilen gelen Polşanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň konsuly Mihal Greçilo dagylar bolan wekiliýetiň arasynda geçirildi.
Bu duşuşyk şuňa meňzeş mejlisleriň uzyn tapgyryna mahsus bolany üçin has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylyp bilner.
Beýleki döwletlerden tapawutlylykda, Türkmenistan BMG-niň üç kararnamasy bilen tassyklanan Bitaraplyk derejesine eýedir. Sebitiň halkara giňişligindäki galan goňşulary hem ählumumy täsir merkezleriniň çylşyrymly ýagdaýlarynda arasynda orta wezipäni saklamaga synanyşýarlar.
Bitaraplyk – Türkmenistanyň syýasatynyň sarsmaz binýadyr
Polşanyň Seýma wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda sebitleýin we ählumumy derejesinde özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ara alyp maslahatlaşmada möhüm orny halkara dawalaryny parahatçylykly ýol bilen çözülmegine işjeň gatnaşmakda aýratyn orun eýeleýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejsi baradaky tema eýeledi. Şeýlelik bilen, sebitara dawalary çözmäge gönükdirilen dürli döwletleriň wekilleriniň arasynda gepleşikler Türkmenistanyň çäginde ençeme gezek geçirildi.
Bitaraplyk we ýaragly çaknyşyklara gatnaşmazlyk Türkmenistanyň biziň döwrümiziň möhüm meselelerinden daşdadygyny aňlatmaýar. Bu dereje, syýasy mümkinçiliklerinden döwletleriň arasyndaky gapma-garşylyklary we dawalary parahatçylyk ýol bilen çözmek üçin ulanýan Türkmenistanyň garaýyşlaryny doly kesgitleýär.
Umuman aýdylanda, hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitde howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýär. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmekde işjeň we oňyn orny eýeleýär.
BMG-niň birnäçe resminamalarynda Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat iş ýüzünde parahatçylygy goraýyş merkezleriniň birine, parahatçylyk gepleşikleriniň we esasy halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Bu, diňe bir içerki däl, eýsem daşarky durnuklylygy üpjün etmekden ybarat bolan, parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna islendik parahatçylygy goraýyş işlerine we gepleşiklerine ýardam bermäge taýýarlyk türkmen Bitaraplygynyň konstruktiw aýratynlygynyň beýanydyr.
Warşawaly bilermenleriň aýdyşy ýaly Polşa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek tassyklanan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ýokary baha berýär.
Ikitaraplaýyndan sebitara ölçegler
Polşa – Ýewropa Bileleşiginiň işjeň agzasy. Warşawa, Brýusseliň üsti bilen Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary goşmak bilen umumy ýewropa syýasatynyň ösmegine täsir edýär.
Türkmenistan, oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Merkezi Aziýa işlerine gatnaşmagyny pugtalandyrýar, bu tejribäniň görkezişi ýaly çäklendirmeýär, tersine ýurduň sebitara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçiliklerini güýçlendirýär.
Türkmen-polýak gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşiň çäginden çykýar we Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň dialogynyň möhüm bölegine öwrülýär. Bu ýagdaýlara düşünmek Aşgabat bilen Warşawanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda parlamentara we pudagara geňeşmeleri, şol sanda daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy dialog alnyp barylýar.
Şeýlelik bilen, geçen ýylyň iýun aýynda Warşawada Türkmenistan we Polşanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geňeşmeler geçirildi. Onuň netijede, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibi beýan edildi.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Warşawada Demirýollar boýunça hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç bilen duşuşyk geçirdi, gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada jikme-jik pikir alyşdylar.
Dört aýdan soň, eýýäm Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Polşanyň wekiliýeti bilen geňeşmeler geçirildi, gepleşikleriň dowamynda taraplar esasanam söwda-ykdysady, ulag-logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Bir gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Polşanyň Seýma komitetiniň (parlamentiň aşaky palatasy) başlygy Pawel Kowalyň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar ÝB-niň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy belläp, işewür gatnaşyklary guramagyň we bilelikdäki sergilere gatnaşmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Şu günler Türkmenistanyň Mejlisinde Polşanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, şol döwürde gender deňligi, ýaşlar syýasaty, bilim, ylym we ilaty durmuş taýdan goramak temalary boýunça pikir alyşyldy. Kanun çykaryş pudagynda tejribe alyşmagyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňky bir-iki ýylyň dowamynda Polşa tarapy bilermenler derejesindäki forumlara (IICA – EUB), neşirlere we seljermelere (DGAP, Centre for Asian Affairs) we uniwersitetler bilen gözleg merkezleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşlara işjeň gatnaşmak arkaly Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary berkitdi.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda Gazagystanyň DIM-niň orunbasary Roman Wasilenko Polşanyň Seýmasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşyk geçirdi, onuň çäginde syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalarynyň çäklerinde aragatnaşyklar berkitmek we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen ýylyň 5-nji iýunynda Brýusselde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB – MA ýokary derejeli dialogyň 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy ýurduň sebitleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny hem-de halkara diplomatik tagallalary arkaly parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek islegini nygtady.
27-nji martda Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşiginiň” 20-nji ministrler duşuşygy geçirildi, onda sebit ýurtlarynyň we ÝB-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar Ministrler duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi.
Sebitdäki iň möhüm waka 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde – “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky birinji sammitiniň geçirilmegi boldy. Samarkantda geçirilen sammite Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň we ÝB-niň ýokary ýolbaşçylyklary – Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen gatnaşdy.
Sammitiň netijesi boýunça iki möhüm resminama kabul edildi — Bilelikdäki jarnama (iki sebitiň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmakly göz öňüne tutýan) we seýrek duş gelýän mineral serişdeleri pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Jarnama.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilige ýokary baha berdi we ykdysadyýet, maýa goýumlary, energetika, ulag we söwdanyň bu formatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.
Şeýlelikde, Polşa – diňe bir gatnaşyjy bolman, eýsem Ýewropa Bileleşiginiň gündogar we günorta goňşulary bilen gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyň barýan işlerni işjeň goldaýar. Onuň taryhy tejribesi, şeýle hem Ýewropa bilen Ýewraziýanyň çatrygyndaky geosyýasy ýagdaýy, Ýewropa institutlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “gyzyklanmalaryny alyp baryjy” hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan Polşanyň kompaniýalary energetika, gurluşyk we çeşmeleri gaýtadan işlemek pudaklaryndaky taslamalara gyzyklanma bildirýärler.
Oba hojalygy we tehnika üpjünçiligi pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr: öňki ýyllarda polýak öndürijileri hyzmatdaşlygyň amaly peýdalarynyň mysaly bolan Merkezi Aziýa ýöriteleşdirilen tehnikalary we enjamlary import edýärdiler. Häzirki wagtda Polşanyň “Pronar” kompaniýasy sebitde zerur bolan suwaryş enjamlary bilen üpjün etmek arkaly oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşyp biler.
Polşa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini, şol sanda 2019-njy ýylda kabul edilen we durnukly ösüşe, “ýaşyl” ykdysadyýete, sanlylaşdyrmaga we ynsanperwer ugurda bilelikdäki işe ünsi jemleýän Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň durmuşa geçirilmegini yzygiderli goldaýar.
Döwrebap senagata we ylmy-tehniki binýadyna eýe bolan Polşa, Merkezi Aziýa üçin “akylly” ekerançylykdan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara çenli amaly çözgütleriň çeşmesine öwrülip, şeýle hem Gündogar Aziýanyň ulag merkezleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan ÝB-niň bazarlaryna harytlary eltip bermek üçin logistika infrastrukturasyny üpjün edip biler.
Bilelikdäki ynsanperwer çäreler hem möhüm ähmiýete eýe. Polşanyň ýokary okuw jaýlary Merkezi Aziýadan, şol sanda Türkmenistandan talyplary kabul edýär. Halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin medeni çäreler, sergiler, maslahatlar we festiwallar geçirilýär. Şeýle gatnaşyklar uzak möhletleýin ynamy döretmäge ýardam berýän durnukly ynsanperwer binýady döredýär.
Türkmenistanyň tebigy baýlyklary we Polşanyň tehnologiki mümkinçilikleri diňe bir ykdysady peýda getirmän, eýsem iki tarapyň hem döwrebaplaşmagyny çaltlaşdyryp biljek hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilik döredýär.
Netijäniň ýerine: MA bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada
Baý tebigy serişdelerine eýe bolan we tehnologiki taýdan döwrebaplaşmaga we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrma islegi bolan Türkmenistan üçin we sebetiň beýleki döwletleri üçin ÝB bilen hyzmatdaşlyk möhüm mümkinçilikleri açýar.
Türkmen-polýak hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň bir görnüşine öwrülip biler, onuň çäginde ÝB Merkezi Aziýada ygtybarly oýunça, Türkmenistan bolsa – Ýewropa giňişligine çykmaga mümkinçilige eýe bolar. Sanlylaşdyrmagyň, “ýaşyl” tehnologiýalaryň, suwuň we energetikanyň durnuklylygynyň ösüşi bu ugurda aýratyn möhümdir. Polşa sebitara gatnaşyklaryň amaly mazmunyna goşant goşup, şu we beýleki ugurlardaky synag taslamalaryna işjeň gatnaşyp biler.
Umuman aýdanyňda, Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk birnäçe möhüm ugurda ösdürilýär hem-de ykdysady we syýasy gatnaşyklarda eýýäm käbir netijeler gazanyldy. Hususan-da, ministrler derejesinde yzygiderli duşuşyklar we forumlar syýasy dialoglar hereketleriň utgaşdyrylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrdy.
MA ýurtlary – ÝB söwda gatnaşyklarynda, esasanam energetikanyň eksporty, mineral serişdeler we oba hojalyk önümleri babatynda käbir netijeleri gazandy. Söwda amallarynyň ýagdaýlaryny bellesek – Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigine esasan çig mal eksport edýär we taýýar önümleri we enjamlary import edýär.
Şol bir wagtyň özünde, eksport edilýän harytlaryň dürlüligine garamazdan sebitdäki ýurtlaryň köpüsi az sanly söwda hyzmatdaşlaryna garaşly bolup galýar. Bu, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maksada okgunly işlemeli ugurlary.
Ýewropa kompaniýalary sebitiň energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryna maýa goýmaga gyzyklanma bildirýärler. Mysal üçin, Ýewropany, Merkezi Aziýany we Hytaýy birleşdirýän Hazarüsti halkara ulag ugry ýaly geçelgeleriň ösüşi Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň arasyndaky gatnaşyklary ep-esli berkitdi.
Iki makro sebit hem terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna gözegçilik we beýleki çagyryşlara garşy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly howpsuzlyk başlangyçlaryny goldaýar. Munuň bilen birlikde Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýan ylmy we medeni-bilim alyş-çalyş maksatnamalaryny öňe sürýär.
Netijede, geosyýasy durnuksyzlygyň amatsyz täsirine, şeýle hem ykdysady ösüşiň dürli derejelerine (aýry-aýry ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligine belli bir derejede täsir etmek) garamazdan, Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşiginiň formaty mundan beýläk ösüş üçin kabul ederlikli, esasanam işe gatnaşýanlaryň arasynda utgaşdyrylma bar bolsa mümkinçilige eýe bolup biler.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
TÜRKMENISTANYŇ DIM-iň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi