“Parahatçylyk we ynanyşmak üçin sport”: BMG-niň oýunlary Nýu-Ýorkda dabaraly ýagdaýda tamamlandy
15.05.2025 | 22:40 |Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyldaky Oýunlarynyň ýapylyş dabarasy Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Dabara 300-den gowrak diplomaty, türgenleri, olaryň maşgalasyny we görnükli myhmanlary bir ýere jemledi we bu ýylyň aprel aýyndan maý aýynyň ortalaryna çenli dowam eden sport çäresiniň tamamlanmagyna bagyşlandy.
2025-nji ýyldaky Oýunlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin sport” şygary bilen, bäsleşik 100-den gowrak ýurtdan 800-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Bu sport çärelerine BMG-niň ýanyndaky dürli missiýalara, Sekretariata, ýöriteleşdirilen edaralara wekilçilik etýän wekiller we olaryň maşgalalary gatnaşdylar.
Bu çäre, sport diplomatiýasy üçin möhüm meýdança bolup, oňa gatnaşyjylara futbol, woleýbol, tennis, stol tennisi, basketbol, badminton, küşt, ýoga, ylgaw we piklbol ýaly sportyň on ugry boýunça bäsleşmäge mümkinçilik berdi.
Ýapylyş dabarasyna Oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa we BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça syýasaty utgaşdyrmak boýunça Baş sekretaryň kömekçisi Borg Sandkýer gatnaşdy. Çykyş edenleriň ikisi-de Oýunlary guramanyň çäginde köptaraplaýyn jebisligiň, inklýuziwligiň we medeniýetara dialogyň möhüm mysaly hökmünde bellediler.
BMG-niň Oýunlarynyň ilçileri, meşhur türgenler Jorjio Kellini we Lýu Golýan dagylar gatnaşanlara ýörite wideo ýüzlenmesi iberildi. Olar serhetleri ýeňip geçmek we halklaryň arasynda ynanyşmagy döretmek üçin sportyň özboluşly ukybyny nygtadylar.
Dabarada ähli sport kategoriýalarynda ýaryşyň ýeňijilerine mynasyp kuboklar, medallar we ýörite baýraklar gowşuryldy.
Russiýa Federasiýasy aýratyn tapawutlandy we sport ussatlygy baýragy bilen sylaglandy. Bu ýörite baýrak, Türkmenistan tarapyndan Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli döredildi we sportuň dürli ugurlarynda gazanan üstünlikleri üçin berilýär.
Oýunlaryň birleşdiriji ruhuny alamatlandyrýan we özboluşly gatnaşygy ykrar edýän “Çempion Ilçi” baýragy bilen ilçi Taher El-Sonny (Liwiýa) we ilçi Halid Hiari (Tunis) sylaglandy.
Dabara ýaş türgenleriň çykyşlary hem goşuldy – iki gezek ýetginjek tennis çempiony Milana Ýaraşuk we “Central Asia & Beyond” çagalar toparyndan Kamal Mamedaliýew dagylar gatnaşdylar. Olar özleriniň Oýunlaryň duýguly täsiri we täze nesle getiren ylhamy barada pikirlerini paýlaşdylar.
“UN Web TV”-de göni ýaýlymda görkezilen ýapylyş dabarasy BMG-niň Oýunlarynyň ösýän mirasyny ýada saldy. Yzygider geçirilýän bu oýunlar dostlugy, birek-birege hormat goýmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýär, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini sport meýdançasynda hakykata öwürýär.
Netijeler barada has giňişleýin maglumatlar, ýaýlymyň ýazgysy we çäräniň esasy pursatlary unitednationsgames.org sahypasynda we şu salgyda elýeterlidir.
ORIENT